SOŇKY HABARLAR
ŽENEWADA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewa bölüminiň binasynda Türkmenistanyň Ženewadaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumy boýunça birifing geçirildi. BMG-niň Ženewa bölüminiň binasynyň Türkmen otagynda geçirilen brifinge Eýran Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň Ilçileri, Hemişelik wekilleri, şeýle hem beýleki ýurtlaryň Ilçileri we wekilleri...
TÜRKMENISTANYŇ YRAK RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Serdarmämmet Saparmämmedowiç Garajaýew Yrak Respublikasynyň Prezidenti jenap Barham Salehe Türkmenistanyň Yrak Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Abu-Dabi şäheri) ynanç hatlaryny gowşurdy.
Türkmen kikboksingçileri halkara ýaryşda bäş medala mynasyp boldular
Türkmenistanyň ýygyndy topary kikboksing boýunça Antalýada (Türkiýe) geçirilen IV Halkara kubogynda üstünlikli çykyş edip, jemi bäş medala — iki altyn, bir kümüş we iki bürünç medala eýe boldy. «K-1» görnüşi boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Pygy Sylabow (60 kilograma çenli agram derejede) çempion boldy. «Full-kontakt» görnüşinde biziň türgenlerimiz dört medala mynasyp boldular. Şunda Türkmenistanyň Kikboksing federasiýasynyň türgeni Goçmyrat Jumanyýazow 75 kil...
AŞGABATDA KHBS WEKILLERI ÜÇIN BSG-NIŇ ÝEWROPA MASLAHATYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Türkmenistanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSG) bilen birlikde guralýan “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly Ýewropa sebitiniň ýokanç däl keseller boýunça ýokary derejeli maslahatynyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri, BSG-n...
TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI GIŇDEN BELLENILDI
2019-njy ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni üstünlikli bellenildi. Şanly sene mynasybetli köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri, dürli ýaryşlar we beýleki çäreler ýaýbaňlandyryldy. Soňky ýyllarda dünýä ölçeglerindäki halkara sport çärelerini geçirmegiň merkezleriniň biri bolmak bilen Türkmenistan ýene-de bir uly göwrümli sport çäräniň geçirilmegine taýýarlanýar. Şeýlelikde, Halkara Sambo federasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň kararyna laýyklykda 2020...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýeden, Gazagystandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny satyn aldylar. Şweýsariýadan we Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýly hem-de «Türkmengaz» döwlet konserni...
AŞGABATDA «HALKARA SPORT GÜNI - PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA» ATLY FORUMY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mejlisler zalynda «Halkara sport güni - parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna» atly halkara forumy geçirildi. Forumyň işine Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Milli Olimpiýa komitetiniň wekilleri, ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt...