img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GRUZIÝA - TBILISI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Ýan

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy: şanly senäniň hormatyna täze saýt

?Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň saýty 19-njy ýanwardan 20-nji ýanwara geçilen gije internete goýberildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenilip düzülen 2020-nji ýylyň 11-12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli forumyň resmi ulgamy Daşary işler ministrligi tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde taýýarlanyldy. Täze saýtyň baý mazmuna...

DOWAMY
pic
20 Ýan

TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

2020-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Togan Oral bilen duşuşygy geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Ýokary derejedäki bilelikdäki saparlaryň özara hormat goýmak, açyklyk we ynanyşmak ýörelgelerine...

DOWAMY
pic
18 Ýan

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýa Konfederasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan, Owganystan Yslam Respublikasyndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen Russiýa Federasiýasynyň işe...

DOWAMY
pic
17 Ýan

Tbiliside Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp brifing geçirildi

2020-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirdi. Brifinge Gruziýanyň «TV-24», «Georgian Business Consulting Group» neşirýat toparynyň, «News Day Georgia» habarlar agentliginiň, «Многонациональная Грузия», «Свободная Грузия», «Резонанс» gazetleriniň we Gruziýanyň beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Ilçisi D.Muratow öz çykyşynda bitaraplygy...

DOWAMY
pic
17 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HALKARA SPORT GURAMALARY BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI

2020-nji ýylyň 15-17-nji ýanwary aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Lozanna şäherinde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň sapary boldy. Türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Halkara tennis federasiýasynyň Prezidenti Dewid Hagert bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy 2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli döwletimizde we daşary ýurtlarda birnäçe çäreleriň geçirilj...

DOWAMY
pic
17 Ýan

TÜRKMENISTAN AWSTRIYADA GEÇIRILÝÄN HALKARA SYÝAHATÇYLYK SERGISINE GATNAŞÝAR

2020-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Awstriya Respublikasynyň Wena şäherinde ýurduň iň iri we öňdebaryjy syýahatçylyk sergisi bolan “Ferien-Messe Wien” öz işine başlady. Bu sergi her ýylyň ýanwar aýynda Awstriýanyň paýtagtynda geçirilip, halkara syýahatçylyk pudagynyň häzirkizaman gazananlaryny köpçülige ýetiryär. Sergä dünýäniň 80 döwletinden gelen syýahatçylyk kärhanalaryň 800-e golaý wekili gatnaşýar. Bu ýyl gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistan hem bar. Döwletimiziň bu sergä gatnaşmagynda we s...

DOWAMY
pic
14 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝUNEP-IŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly Halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen BMG-niň Daşky gurşaw baradaky Maksatnamasynyň Merkezi Aziýa boýunça Edarasynyň ýolbaşçysy Aýdaý Kurmanowa bilen duşuşygy geçirildi.   Duşuşygyň barşynda taraplar daşky gurşawyň goraglylygy, h...

DOWAMY