SOŇKY HABARLAR
STAWROPOL ÜLKESINDE AKYLDAR ŞAHYRYMYZ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 295-ÝYLLYGY BELLENILDI
2019-njy ýylyň 4-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Stawropol ülkesiniň Blagodarnenski etrabynyň Edelbay obasynda türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 295-ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Bu çäre Stawropol şäheriniň, şeýle hem Stawropol ülkesiniň Ipatowski, Turkmenski, Arzgirski, Neftekumski we Blagodarnenski etraplarynyň hem-de Astrahan oblastynyň türkmen kowçumlarynyň wekilleri tarapyndan gurnaldy. Şeýle hem dabaralara Türkmenistanyň Russiýa Fed...
Birinji Hazar ykdysady forumynyň esasy ugurlary: Ulag pudagy
Şu ýyl Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça birinji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Munuň özi Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň Prezidentleriniň gol çeken Hazar deňziniň hukuk statusy hakyndaky Konwensiýasynyň degişli ylalaşyklary gazanmakda we sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmekde möhüm çärä öwrüler. Häzirki döwürde 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda bu Konwensiýanyň kabul edilmeginiň bir ýyllygy mynasybetli geçiriljek ykdysady forum...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 39-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, polipropileni, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen polipropilen we ýokary dykyzlykly polietilen, şeýle hem karbamid we tehniki kükürd («Türkmenhimmiýa» DK), («Türkmengaz» DK) Russiýadan, Beýik Britaniýad...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ABŞ-DEN GELEN BILERMENLERIŇ GATNAŞMAGYNDA GEÇIRILEN STRATEGIKI DIALOG BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY TAMAMLANDY
2019-njy ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa boýunça strategiki barlaglar merkeziniň (NESA) bilermenleriniň gatnaşmagynda Günorta we Merkezi Aziýada ABŞ-nyň howpsuzlyk syýasaty boýunça geçirilen okuw maslahaty öz işini tamamlady. Okuw maslahatynyň işine Türkmenistanyň Daşary işler, Goranmak, Milli howpsuzlyk ministrliklerinden we Döwlet serhet gullugyndan wekiller gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Merkezi we Günorta Aziýadak...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-AMERIKAN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda nobatdaky türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi. Amerikan wekiliýetine ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Orta Aziýa işleri boýunça edarasynyň Orta Aziýa işleri boýunça müdirliginiň direktory Mark Mudi ýolbaşçylyk etdi. Syýasy geňeşmeleriň barşynda taraplar halkara platformalarynyň çäklerinde, özara hereket etmegiň, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen sebitiň içindäki gatnaşyklarynyň giňledilme...
UKRAINANYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINE GUTLAG HATY
2019-njy ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň täze saýlanan Prezidenti Wladimir Aleksandrowiç Zelenskä ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlag hatyny ýollady.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ IMPERATOR NARUHITO ÝOLLAN HATY
2019-njy ýylyň 1-nji maýynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň täze Imperatory Naruhito ýollan gutlag hatynyň resmi gowşuryş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça gutlag haty Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçis...