SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ GRUZIÝADAKY ILÇIHANASY BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNÜNE BAGYŞLANAN WELOTREK ÝARYŞYNY GEÇIRDI
2018-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Gruziýanyň Milli welosiped federasiýasy bilen bilelikde Tbilisi şäheriniň olimpik sport merkezinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welotrek ýaryşyny geçirdi. Agzalan welotrek ýaryşyna, daşary ýurtlaryň Gruziýadaky diplomatlary, Gruziýanyň welosiped ýaryşy boýunça tanymal türgenleri, tälimçileri, kiçi ýaşly welosipedçiler we Gruziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Welotrek çär...
Türkmenistanyň Prezidenti Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy
Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çözgüdine laýyklykda, ýurdumyzyň resmi baýramçylyk seneleriniň sanawyna girizilen Çagalary goramagyň halkara gününi belledi. Munuň özi dünýä bileleşigi bilen ylalaşygyň, milli Liderimiziň amala aşyrýan syýasatynyň umumadamzat gymmatlyklaryna we ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bu syýasatyň we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ähli özgertmeleriniň düýp manysy raýatlaryň durmuş derejesini has-da gowulandyr...
STOKGOLMDE TÜRKMEN-ŞWED SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 30-31-nji maýynda Türkmenistanyň wekiliýeti Şwesiýa Patyşalygynda iş saparynda boldy. 30-njy maýda wekilieýt Stokgolmyň parahatçylyk meselelerini öwrenýän institutynyň (SIPRI) direktory jenap Den Smit bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda bu institut bilen Türkmenistanyň degişli guramalarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ýola goýmak soraglary ara alnyp maslahatlaşyldy. 31-nji maýda Şwesiýanyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň 3-nji tapgyry geçirildi. Şw...
DEGIŞLI DOLANDYRYŞ WE YKDYSADY ÖZARA BAGLANYŞYK - ÝHHG-NIŇ MINISTRLER DEREJESINDÄKI SEBITL MASLAHATYNYŇ ÜNS MERKEZINDE
?Degişli dolandyryş we ykdysady özara baglanşyk - ÝHHG-niň sebitindäki öňdebaryjy tejribe» - ÝHHG we Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikde gurnan ÝHHG-niň ministrler derejesindäki sebitl maslahatynyň temasy boldy. Maslahat öz işini 2018-nji ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda tamamlady. Iki günlük maslahatyň işine Merkezi Aziýanyň bäş döwletinden we Owganystandan, we ÝHHG-niň hyzmatdaşlyk boýunça 21 sany agza-döwletlerinden we hyzmatdaşlaryndan 120 golaý wekil gatnaşdy. Çärä halkara guramalaryň, y...
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! Mähriban uçurymlar! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet derejesinde giňden bellenilýän «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bagtyýar uçurymlaryň — geljegimiz bolan ýaşlaryň bilim-terbiýe alan mukaddes bilim ojagy bilen hoşlaşyk pursatlaryny öz içine alýan «Soňky jaň» dabarasy jemgyýetçilik durmuşymyzda orny hem-de ähmiýeti yzygiderli ýokarlanýan ajaýyp bilimler baýramydyr. Bu baýramyň Aşgabat şäheriniň güni bil...
Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresine gatnaşyjylara
Halkara Gaz kongresine gatnaşyjylar! Gadyrly dostlar! Ilki bilen siziň ähliňizi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda dokuzynjy gezek geçirilýän halkara Gaz kongresiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, kongresiň işine bolsa üstünlik arzuw edýärin. Türkmenistan dünýäniň uglewodorod serişdelerine baý döwletleriň hataryna girmek bilen, özüniň bu amatly ýagdaýyny türkmen halkynyň hem-de Ýer ýüzüniň beýleki halklarynyň bähbitlerine gönükdirm...
HALKARA MAGLUMAT HOWPSUZLYGY MESELELERINE BAGYŞLANAN TÜRKMEN-RUS HÖKÜMETARA GEŇEŞMELERI
2018-nji ýylyň 22-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara maglumat howpsuzlygy boýunça türkmen-rus hökümetara geňeşmeleri geçirildi. Rus tarapynyň wekiliýetine Russiýa Federasiýasynyň Howpszulyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary O.W. Hramow ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda syýasy döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, wekiliýet ýolbaşçylary maglumat howpsuzlygy meselesinde...