img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GRUZIÝA - TBILISI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
2 Okt

Pygy Baýramdurdyýew: sylaga “Galkynyş” toparyny ussatlygyna berlen ýokary baha diýip düşünýärin

Ýurt Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň baş režissýory, şöhrat gazanan “Türkmen jigitleri” toparynyň ýolbaşçysy Pygy Baýramdurdyýew “Galkynyş” ordenine mynasyp boldy.  -Zähmetime şeýle ýokary baha berilmegi mende tolgunma we ummasyz minnetdarlyk duýgusyny döretdi,- diýip Pygy Hojamuhammedowiç özünde galan täsiri beýan etdi. – Sylagy alanymda 30 ýyl mundan ozal durmuşymda bolan şanly wakany ýatladym: jigit bolmagy arzuwlan oba oglany bolan maňa Türkmenistanyň...

DOWAMY
pic
2 Okt

TÜRKMENISTAN – ABŞ: IŞJEŇ HYZMATDAŞLYGYŇ ÝAGTY GELJEGI

Amerikanyň Birleşen ştatlarynda iş saparynda bolýan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Nýu-Ýorkuň “Mandarin Oriental” myhmanhanasynda geçirilen “Türkmenistan - ABŞ” işewürler maslahatyna gatnaşdy. Döwlet baştutanymyzyň iki ýurduň işewür adamlary bilen duşuşmagy söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek üçin we bilelikdäki tagallalary birleşdirip täze gatnaşyk ugurlaryny açmak üçin örän wajyp ähmiýete eýedir. Bu duşuşygyň ýene-de bir aýratynlygy, ol hem “Türkmenistan - ABŞ” Işewü...

DOWAMY
pic
2 Okt

Türkmenistanyň Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky Halkara paktynyň kadalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça nobatdaky Milli hasabatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar boýunça komiteti tarapyndan seredilmegi haky

2018-nji ýylyň 1-2-nji oktýabry aralygynda Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar boýunça komitetiniň (CESCR) 46-njy mejlisinde Türkmenistanyň Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky Halkara paktynyň kadalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça nobatdaky ikinji Milli hasabaty diňlenildi. Bu çärede Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Saglygy...

DOWAMY
pic
2 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI NÝU-ÝORK ŞÄHERINE IŞ SAPARY BILEN GELDI

2018-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Nýu-Ýorka tarap ugrady. Prezidentiň uçary birnäçe sagat uçandan soň, Jon Kennedi adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar. Howa menzilinden milli Liderimiz sapar wagtynda “Mandarin Oriental” diýen ajaýyp myhmanhanada ýerleşen özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady. Bu kabulhana Manhetteniň merkezinde ýerleşýär. Bu ýerde döwlet...

DOWAMY
pic
1 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA “DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNYŇ GÜNLERINIŇ” AÇYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanda “Durnukly ösüş maksatlarynyň günleriniň” açylyş dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanda ýerleşýän halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş un...

DOWAMY
pic
30 Sen

AŞGABATDA ABU-NYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 55-NJI MEJLISI GEÇIRILÝÄR

2018-nji ýylyň 30-njy sentýabry – 5-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanda Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji Mejlisi we onuň çäklerinde geçirilýän çäreler öz işine başlady. Bu foruma bagyşlanyp “Ýyldyz” myhmanhanasynda ýöriteleşdirilen sergi gurnaldy. Serginiň açylyş dabarasynda Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Sekretary Dr. Javad Mottagi çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowy...

DOWAMY
pic
30 Sen

ŽENEWADA “MEDENI ÝAKYNLYK: MEŇZEŞLIK KÖP DÜRLÜLIKDENDIR” ATLY BILELIKDÄKI SERGINIŇ AÇYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Ženewa şäherinde Intellektual Eýeçiliginiň Bütindünýä Guramasynyň (WIPO) Assambleýasynyň 58-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň girýän Merkezi Aziýa, GDA we Kawkaz ýurtlarynyň sebitleýin toparynyň (CACEEC) agzalarynyň gatnaşmaklarynda “Medeni ýakynlyk: Meňzeşlik köp dürlülikdendir” atly bilelikdäki serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Sergini WIPO guramasynyň Baş sekretary jenap Frensis Garri CACEEC ýurtlarynyň hemişelik wekilhanalarynyň baştutanlary bil...

DOWAMY