SOŇKY HABARLAR
Luxurious hotel "Karakum" with business center is a new landmark of the capital
The nine-story building of the hotel complex with a business center is built near the Ashgabat International Airport, at the intersection of Atamurat Niyazov and Haji Ahmet Yasawi streets. The building with unusual shape and decor in which the modern tendencies of urban planning and the traditions of national architecture is organically combined, will decorate the northeastern part of the city. According to experts, the project will become another architectural symbol of the dynamic developm...
Döwlet Baştutanymyz harby-howa güýçleriniň tehniki enjamlaşdyrylyşy we mümkinçilikleri bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow howa hüjüminden goranyşyň wagtlaýyn okuw meýdançasyna gelip, onuň tehniki enjamlaşdyrylyşy hem-de Howa hüjüminden goranyş goşunlarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Türkmenistan döwrüň talaplaryna hem-de diňe goranyş häsiýete eýe bolan Harby doktrina laýyklykda Milli Goşunymyzyň ösüşini üpjün edip, öz Bitaraplyk derejesine yzygiderli ygrarlydyr. Döwletimiziň netijeli daşa...
2018-nji ýylda 2030 tonna çig pile öndüriler
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dokma senagaty ministrligine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2018-nji ýylda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda 2030 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy. Dokma senagaty ministrligi welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça baş şertnamalary baglaşmaga, welaýatlaryň daýhan birleşiklerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumynyň zerur mukdary bilen üpjün etmäge borçly edildi. Welaýatl...
Bagy-bossanlyga büremegiň ýazky we güýzki möwsümleriniň barşynda 3 million düýp nahal oturdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzda 2018-nji ýylda: ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý hem-de Bäherden etraplarynyň aralygynda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 1,5 million düýp nahalynyň; welaýatlaryň häkimliklerine welaýatlaryň çäginde saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 1,5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Ministrliklere, pudaklaý...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy (oturýan ýeri Ankara şäheri) jenap Kristian Berger bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda gazanylan üstünlikler we geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ikitaraplaýyn özarab...
BMG-NIŇ ILAT GAZNASYNYŇ ÝURT BOÝUNÇA EDARASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler Ministrliginde BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistan bilen 2018-2019-njy ýyllar üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen gelen BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistan boýunça edarasynyň direktory Juliýa Walezeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistan bilen BMG-niň Ilat Gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň ähmiýetliligine laýyklykda dürli ugurl...
GRUZIÝADA “TÜRKMENISTAN - SAGDYN DURMUŞYŇ WE SPORT ÜSTÜNLIKLERINIŇ ÝURDY” ADY BILEN MASLAHAT GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 6-njy fewralyndan Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Gruziýanyň Sport federasiýasy bilen bilelikde Tbilisi şäheriniň “Rooms” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. Sagdyn durmuşyň we sport üstünlikleriniň ýurdy” ady bilen maslahat geçirildi. Agzalan maslahata, Gruziýanyň Parlamentiniň Sport we ýaşlaryň işleri boýunça komitetiniň başlygy M.Kawelaşwili, Gruziýanyň Sport federasiýasynyň başlygy Z.Bokolişwili, Gruziýanyň Turizm federasiýasyny...