SOŇKY HABARLAR
Türkmen howa ýollary Aşgabat — Ýerewan — Frankfurt ugry boýunça gatnawy açdy
Şu gün ir bilen Aşgabat — Ýerewan — Frankfurt — Ýerewan — Aşgabat ugry boýunça ilkinji gatnawy amala aşyran “Türkmenistan” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň howa kärhanasynyň “Boing-737-800” uçary türkmen paýtagtynyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu halkara gatnawy “Türkmenhowaýollary” gullugynyň howa uçuşlarynyň gatnaw tertibiniň üstüni ýetirdi hem-de syýahatçylygy söýýänler we işewürler üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Aşgabat bilen Ýerewanyň arasynda göni howa gatnawyny a...
Saýlawlara taýýarlanmagyň barşynda saýlaw toparlary döredilip başlandy
Şu günler ýurdumyzda 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmeklige guramaçylykly taýýarlyk görmek işleriniň çäklerinde, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, okrug we Geňeşlik saýlaw toparlaryny döretmek işleri işjeň ýagdaýda dowam edýär. Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, şeýle hem raýatlar toparlary tarapyndan okrug we Geňeşlik saýlaw toparlary...
Aşgabatda döwlet gurluşyny, hukuk ulgamyny ösdürmek meselelerine bagylanan maslahat geçirildi
Adalat köşgünde “Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahat Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli guraldy. Maslahata daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, şeýle hem Ylymlar akademiýasynyň, pudaklaýyn ylmy-barlag institutla...
Hormatly Prezidentimiz Döwlet we hukuk institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli geçirilýän ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi
Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly ylmy-amaly maslahatyň açylmagy hem-de ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Biziň ýurdumyz döwletlilik, kanunyň hökmürowanlygy we milli demokratik ýörelgelerden ugur alyp, döwlet, jemgyýet we şahsyýet gatnaşyklaryny, raýat jemgyý...
“Döwletliler köşgünde” terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy
Ýola goýlan asylly däbe görä, ýetip gelýän Täze ýylyň öňýanynda “Döwletliler köşgünde” baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabarada onda terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Türkmenistanlylaryň ýaş nesli, ýurdumyzyň geljegi baradaky hemmetaraplaýyn alada döwlet Baştutanymyzyň durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.Ýurdumyzda körpeleriň bagtyýar çagalygyny üpjün etmek üçin ähli şertler döredildi. Mähirli garalmagyň we yzyg...
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin türkmen-rus hyzmatdaşlygyny berkitmek babatda pikirlerini aýtdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, ýetip gelýän Täze, 2018-nji ýyl bilen birek-biregi gutladylar hem-de dostlukly döwletleriň halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Deňhukuklylyk we uzakmöhletleýin esasda guralýan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň däbe öwrülen strategiki häsiýetini, şeýle hem ösüşe we rowaçlyga bolan ikitara...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň öň ýanyndaky dabara gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl mynasybetli “Mizan” işewürlik merkezinde guralan dabara gatnaşdy. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri, görnükli medeniýet işgärleri, sungat ussatlary we be...