SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATNAMALARY BOÝUNÇA YLMY-USULYÝET MERKEZI AÇYLDY
2017-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda Durnukly ösüşiň wezipeleri boýunça ylmy-metodiki merkeziň açylyş dabarasy boldy. Merkezi açmak we institutyň täze düzümini kesgitlemek boýunça degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi. Dabara Türkmenistanda ýerleşýän halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Türkmenistanyň Daşary işler min...
TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDAKY TELEFON SÖHBETDEŞLIGI HAKYNDA
2017-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda rus tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon söhbetdeşligi geçirildi we onuň dowamynda iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu söhbetdeşligiň çäklerinde esasy üns ýokary derejedäki türkmen-rus duşuşygynyň taýýarlygyna gönükdirildi.
OWGANYSTANYŇ MAZARI-ŞERIP ŞÄHERINDE TÜRKMEN-OWGAN SÖWDA ÖÝI AÇYLDY
2017-nji ýylyň 28-nji awgustynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Balh welaýatynyň Mazari-Şerip şäherinde «Türkmenistan» ady bilen türkmen- owgan söwda öýi dabaraly ýagdaýda açyldy. Söwda öýüniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekillerinden, türkmen işewürlerinden hem-de türkmen teleýaýlymynyň habarçylaryndan düzülen wekiliýet agzalary geldiler. Bu çärä owgan tarapdan Samangan welaýatynyň häkimi Kerim Haddam, Balh welaýatynyň häki...
V Aziýa oýunlary mynasybetli ýadygärlik şaýy pullary çykaryldy
Türkmenistanyň Merkezi banky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli her haýsynyň nominaly 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullaryndan durýan ýadygärlik şaýy pullar toplumyny çykardy we olaryň nusgalaryny görkezdi. Şaýy pullaryň ikisiniň hem ýüz tarapynyň merkezinde öňümizdäki Oýunlaryň nyşanynyň şekili ýerleşdirildi. Nyşanyň aşaky sag böleginde „Türkmenistan Aşgabat 2017“ diýen filigran ýazgysy, nyşanyň sag tarapy boýunça «5th Asian Indoor & Martial Ar...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlyklary barada pikir alşarlar
8-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň azerbaýjanly kärdeşi Ilham Aliýewiň çagyrmagy boýunça amala aşyrýan resmi sapary başlanýar. Bakuda ýokary derejede geçiriljek duşuşyklaryň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça pikir alşarlar. Garaşylyşy ýaly, gepleşikleriň çäklerinde özara bähbitleri hem-de milli ykdysadyýetleriň gazananlaryny nazarda tutup, söwda-ykdysady aragatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmagy...
Ýerine ýetiriji komitet Türkmenistanda petek satuwlaryny “Açyk” diýip yglan edýär
Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin petekleriň satuwy şenbe güni, 29-njy iýulda başlaýar. 220 sport ýaryşy üçin 700 000-den gowrak petek satylar. Tomaşaçylar sportuň 21 görnüşi boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň ussat türgenleriniň arasynda 12 günüň dowamynda geçiriljek ýaryşlara tomaşa edip bilerler. Tomaşaçylar ýaryşlaryň rejesinde görkezilen ähli sport ýaryşlaryny, şol sanda seçilip alynýan ýaryşlary we final tapgyrlary barada maglumaty öwrenip, isleg...
Ýurdumyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe taýýarlanýar
Tutuş ýurdumyz boýunça—paýtagtymyzda we welaýatlarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “Aşgabat-2017” taslamasynyň çäklerinde 29-njy iýulda guralmagy göz öňünde tutulýan täze wagyz ediş çäresine - Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 günüň galmagy mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe taýýarlyk görülýär. Aşgabat şäher häkimliginde TDH-a habar berilmegine görä, şenbe güni – 29-njy iýulda ir sagat 7-den agşam...