RSS

SOŇKY HABARLAR

1 Iýun

AŞGABATDA TÜRKMEN-FIN DIM-ARA GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda türkmen-fin gepleşikleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Finlýandiýa tarapyna Finlýandiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Russiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň Baş müdiri Mariýa Elina Liiwala wekilçilik etdi. Duşuşyga Finlýandiýanyň Türkmenistandaky ilçi...

DOWAMY
1 Iýun

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY TAMAMLANDY

Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň “Mapna Group” senagat toplumyna baryp gördi. Türkmen halkynyň Milli Lideri onlarça kompaniýany özünde jemleýän toplumyň işi bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşmalardan soňra, energetika desgalarynyň taslamalaryny düzmek we olary gurmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, nebitgaz, demir ýol hem-de beýleki senagat taslamalaryny işläp taýýarla...

DOWAMY
31 Maý

Tbiliside Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipedli ýörişi geçirildi.

2023-nji ýylyň 31-nji maýynda, Gruziýanyň Milli welosiped federasiýasynyň ýardam bermegi bilen Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy, Tbiliside Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipedli ýörişini geçirdi. Ýörişe Gruziýanyň Milli welosiped federasiýasynyň wekilleri, Gruziýanyň türgenleri we tälimçileri gatnaşdylar. Ýöriş başlamazdan ozal, welosiped sürmegiň dünýäde barha meşhurlyk gazanýandygy bellenildi. Bütindünýä welosiped güni ähli ýurtlary we halklary birleşdirýän baýramçylykdy...

DOWAMY
31 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKMENISTAN BILEN ÝHHG-NIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ESASY UGURLARYNA SEREDILDI

2023-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda syýasy we ykdysady ugurlarda, energetika we ekologiýa howpsuzlygy, parlament diplomatiýasyny ösdürmek we ynsanperwerlik meselelerinde Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşiniň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy, Türkmenistanyň ha...

DOWAMY
31 Maý

ŞERTNAMALAÝYN-HUKUK BINÝADY TÜKELLEMEK MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-RUMYN GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2023-njy ýylyň 31-nji maýynda Buharest şäherinde iki ýurduň daşary syýasat edaralaryň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny tükellemek we kämilleşdirmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hereket edýän we güýjüni ýitiren döwletara, hökümetara we pudagara şertnamalaryň we beýleki resminamalaryň, şeýle hem işlenilýän taslamalaryň sanawyny ara alyp maslahatlaşdylar.   Geňeşmeler türkmen-rumyn gatnaşyklary...

DOWAMY
31 Maý

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY EÝRANYŇ PARLAMENTINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY

30-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň EYR-na iş saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf bilen duşuşygy boldy. Bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň maksady hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýun aýynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň barşynda gazanylan ähli ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň kanunçylyk esasynda berkidilmeg...

DOWAMY
31 Maý

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ SYÝASY MAKSADALAÝYKLYK GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY

30-njy maýda Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow Tährana iş saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy Sadek Amoli Larijani bilen duşuşdy. EYR-nyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň ýolbaşçysy türkmen halkynyň durmuş-ykdysady ösüşde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda gazanan we häzirki günde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gazanmagyny dowam etdirýän üstünliklerine Eýranda tüýs ýürekden guwanýandyklaryny nygtady....

DOWAMY