TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň Kongres merkezinde Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Şu Sammitiň gün tertibi GDA-nyň giňişliginde ýakynlaşmagyň ähli ugurlaryna degişli möhüm meseleleri öz içine alýar. Şolar boýunça degişli çözgütleriň kabul edilmegi onuň çäklerinde özara gatnaşyklaryň gurallarynyň kämilleşdirilmegini üpjün eder.

Sammitiň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda GDA döwletleriniň howpsuzlygynyň üpjün etmek meseleleri boýunça gyzyklanma bildirip pikir alşyldy.

Ykdysadyýet özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleriniň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatlaryň erkin söwdasy hakyndaky ylalaşygyň taslamasyna gol çekmäge görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Şeýle hem guramaçylyk meselelerine seredildi.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine Sammitde beýan edilen, GDA-nyň çäklerinde özara gatnaşyklary kämilleşdirmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlary seljermek hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamak teklip edildi.

Sammitde gatnaşyklaryň dürli ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen çözgütleriň birnäçesi kabul edildi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri barada metbugat wekillerine ýüzlenmede beýan edildi.