TÜRKMENISTANDA ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA 2016-2020-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASYNYŇ TANYŞDYRMASY

2016-njy ýylyň 16-njy martynda Aşgabatda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň tanyşdyrmasy geçirildi. Tanyşdyryş duşuşygynyň gurnaýjylary bolup, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky türkmen milli instituty çykyş etdiler.

Tanyşdyryş duşuşygyna Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, HBS-niň wekilleri, şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň taýýarlanylmagynyň esasy maksady – adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň degişli edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işini kämilleşdirmekden, şeýle hem ýurduň kanunçylygyna we hukuk ulanyjylyk tejribesine halkara gumanitar hukugynyň kadalaryny ornaşdyrmakdan ybarat.

Tanyşdyryşyň dowamynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň adam hukuklary we halkara gumanitar hukugy çygryndaky halkara borçlanmalaryny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň Hökümetara toparynyň tagallalarynyň, şeýle hem BMG-niň Ýokary Komissarynyň  Müdirligi, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we Ýewropa Birleşigi bilen bilelikdäki taslamalaryň netijesidigi bellenildi. 

 

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Hökümetara toparynyň netijeli işini alyp barmak üçin döredilen şertler üçin öz minnetdarlyklaryny bildirdiler we Milli Meýilnamada göz öňünde tutulýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin tagallalaryny dowam etjekdigine ynandyrdylar.