Tsinandali nusgawy aýdym-sazfestiwaly

img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 31-nji awgustyndan 10-njy sentýabry aralygynda Gruziýada 5-nji Tsinandali nusgawy aýdym-sazfestiwaly geçirilýär.

Tsinandali festiwaly dünýäniň dürli künjeginiň ýerine ýetiriji dirižorlary, kompozitorlary, şeýle hem nusgawy aýdym-saz söýüjilerini özüne jemledi. Festiwala Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Gruziýanyň, Ysraýylyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Ukrainanyň we Türkmenistanyň sazandalary gatnaşýar.

Festiwalyň açylyş dabarasy Pan-Kawkaz ýaşlar orkestr toparynyň düzüminde Türkmenistandan wekilçilik edýän türkmen sazandalarynyň çykyşy bilen başlandy.

Festiwalyň dowamynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow festiwalyň guramaçylary we ýaş türkmen sazandalar topary bilen duşuşygy boldy.

Ilçi festiwalyň gurnaýjylaryna minnetdarlygyny bildirdi hem-de häzirkizaman medeni we ynsanperwer ugrundaky gatnaşyklarynda türkmen-gruzin döwletara gepleşikleriniň aýrylmaz böleginiň biri bolup durýandygyny aýtdy. Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygynda bilelikde işleriň alnyp barylýandygyny belläp geçdi.

Şeýle çäreleri geçirmek biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmäge, ýaş sazandalara aýdym-saz älemini giňden öwrenmäge hem-de bilimini ösdürmäge ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.