Türkmenistanyň Adalatçysynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Gruziýa iş sapary
2023-nji ýylyň 29–30-njy noýabrynda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň ýolbaçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Gruziýa iş sapary boldy.
Saparyň çäklerinde, Türkmenistan Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa bilen Gruziýanyň Halk goragçy edarasynyň (Ombudsmen) ýolbaşçysy Lewan Ioseliani arasynda ikiçäk duşuşygy gurnaldy.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde tejribe alyşmak, şeýle hem milli hukuk goraýjy edaranyň netijeliligini ýokarlandyrmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler. Iki ýurduň arasynda özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň ýakyn geljekdäki gün tertibi barada pikir alyşdy.
Soňra, Gruziýanyň Halk goragçy edarasynyň orunbasary hanym E.Guduşauri merkezi edaranyň alyp barýan ugurlary, onuň düzüm birlikleri we sebitleýin edaralarynyň işi bilen giňişleýin tanyşdyrdy.
Şeýle hem türkmen wekiliýeti Gruziýanyň Ýörite derňew gullugynyň, Adam hukuklary boýunça merkeziň we beýleki degişli edaralaryň ýolbaşçylar bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Hususan-da, duşuşyga gatnaşyjylar adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak we ilerletmegiň wajyp ugurlary boýunça pikir alyşdylar.