Türkmenistanyň ilçihanasynyň gatnaşmagynda Tbiliside Nowruz baýramçylygy

img
img
img
img
img
img

Şu gün, 20-nji martda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Tbiliside bahar baýramy bolan Nowruzyň bellenilmegi mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäresine gatnaşdy.

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkiýäniňilçihanalary özleriniň milli tagamlary, süýjülikleri hem-de halk senetçilik önümlerini hödürlediler.

Türkmen pawiliony Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, nesip elde dokalan halylar, suratlar, milli egin-eşikler, şaý-sepler we sowgatlyklar bilen bezeldi.

Baýramçylyk çäresine gatnaşyjylary Tbilisi şäher häkiminiň orunbasary K.Guledani, Tbilisi şäher geňeşiniň başlygy G.Tkemaladze, şeýle-deilçiler gutladylar.

Türkmenistanyň ilçisi D.Seýitmämmedow öz çykyşynda Nowruz galkynyşyň, gülläp ösmegiň we täzelenşiň nyşany bolmak bilen halklary birleşdirýändigini hem-de hoşniýetli gatnaşyklaryň ösmegine binýadygynynygtady. Ol şu günki çäre ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklarynda dostluk we özara düşünişmek ugrunda alnyp barylýan işleri berkitmek üçin ýene bir ädim boljakdygyny aýtdy.

Ol çäräni gurnaýjylaryna minnetdarlygyny bildirdi we hemmelere saglyk, bagt, parahatçylyk hem-degülläp ösüşi arzuw etdi.