Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täjik paýtagtynda geçirilýän “Durnukly ösüş üçin suw ” atly ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşmagynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Dostlukly döwletleriň baştutanlary birek-birek bilen mähirli görşüp, ýene-de duşuşmak hem-de özara söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn, şol sanda halkara guramalarynyň çäklerinde gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler.

Türkmen Lideri häzirki halkara forumyň guralandygy üçin Täjigistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, dünýäniň halklaryny jebisleşdirmek işinde hem-de oňa gatnaşýan ýurtlaryň işewür gatnaşyklaryny ösdürmekde çäräniň ähmiýetini nygtady.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon ählumumy gün tertibiniň strategik meseleleri babatda garaýyşlaryň ýakyndygyny belläp, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň, howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini aýawly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak we beýlekiler ýaly, wajyp ekologiýa meseleleriniň çözülmeginde tagallalaryň birleşdirilmeginde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

Täjigistanyň Baştutany suwdan oýlanyşykly peýdalanmak meseleleri boýunça türkmen Lideriniň öňe sürýän halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň Prezidentleri doganlyk halklaryň taryhy, medeni hem-de ruhy umumylygyna daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň derejesine we ösüş depginlerine ýokary baha berdiler.

Döwlet Baştutanlary iki ýurduň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, netijeli gatnaşyk etmegiň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyryp, türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň giň gerimleri boýunça pikir alyşdylar hem-de netijeli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwlet Baştutanlary ulag ulgamynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berip, şunda Aziýa halkara demirýol geçelgesiniň iri taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň kuwwatly itergi berjekdigi aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýän bu polat ýol diňe iki dostlukly ýurtlaryň we olaryň halklarynyň bähbitlerine däl, eýsem, özara bähbitli sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, ählumumy abadançylygyň maksatlaryna hyzmat etmegine gönükdirilendir.

Taraplar ýakynda Türkmenbaşy şäherinde ulanmaga berlen Halkara deňiz portunyň hem ähmiýetini bellediler. Ol Türkmenistanyň üstaşyr-ulag mümkinçiligini berkitmek bilen birlikde, sebitdäki deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlara täze mümkinçilikleri açýar.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon öz döwletleriniň däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklap, Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň doganlyk halklaryna bagtyýarlyk, parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny aýtdylar.