GRUZIÝADA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ "GADAMY BATLY BEDEW" ATLY TAZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2016-njy ýylyň 20-nji maýynda Gruziýanyň Sport we ýaşlaryň işi boýunça ministrliginde Türkmenistanda 20l6-njy ýylyň "Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly" diylip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Gadamy batly bedew" atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

        

Täze kitabyň tanyşdyryş dabarasyna Gruziýanyň Daşary işler, Ylym we bilim, Sport we ýaşlaryň işi boýunça, Oba hojalyk ministrlikleriniň, Milli Ylymlar akademiýasynyň, Atçylyk sport federasiýasynyň, sport mekdepleriniň wekilleri işjen gatnaşdylar.

         Tanyşdyryş dabarasynyň başynda, Türkmen bedewine bagyşlanan wideofilm görkezildi.

         Soňra Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Muratow, Gruziýanyň Sport we ýaşlaryň işi boýunça ministriniň orunbasary Ş.Gogoladze, Gruziýanyň Atçylyk sport federasiýasynyň atly sport bölüminiň başlygy T.Gaçeçiladze, "Türkmen atlary" Döwlet birleşiginiň Halkara gatnaşyklary we atçylyk sporty bölüminiň başlygy K.Bäşimow dagylar çykyş etdiler.

 

         Tanyşdyryş dabarasynda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň "Gadamy batly bedew" atly kitabynyň özüniň many taýdan çuňlugy we paýhaslylygy, diliniň düşnükliligi bilen tapawutlanýandygyny bellediler we bu gymmatly kitabyň diňe bir atşynaslara ýa-da atlaryň jan köýerlerine gyzykly bolman, eýsem-de her bir okyjyda uly gyzyklanma döretjekdigini aýtdylar.