Türkmenistan “Foreign Business in Georgia” žurnalynyň sahypalarynda

photo
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, “Foreign Business in Georgia” žurnalynyň güýz möwsümindäki sany okyjylara Türkmenistan barada makalalar toplumyny hödürledi.

Žurnal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyndaky çykyşy bilen açylýar. Çykyşyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi goldamak, häzirki zaman hukuk tertibiniň binýadyna goýulan hukuk esaslaryny gorap saklamak ugrunda döwletleriň we halkara guramalaryň özara utgaşykly hereketleriniň ähmiýetini belledi.

Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen gabat gelmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistanyň we BMG-niň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hem halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekden ybaratdyr. Türkmenistan ähli halkara başlangyçlaryny hemişe BMG-niň Tertipnamasyna we esaslandyryjy resminamalaryna, şeýle hem onuň uzak möhletli maksatnamalaryna esaslanýar.

"Türkmenistan-Gruziýa: parahatçylyk ugrunda hyzmatdaşlyk we däp bolan dostlukly gatnaşyklaryna ygrarlylyk" atly makala türkmen-gruzin dostlugyna, birek-birege hormat goýulmagyna, özara ynanyşmak we döwletara gepleşikleriň pugtalandyrylmagy üçin ymtylmagyna esaslanýan hyzmatdaşlygyna bagyşlanýar.

Bu neşirýat iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, ykdysady hem-de medeni-bilim ugurlaryndaky özara hereketiniň esasy taraplaryny açyp görkezýän maglumatlary hödürleýär. Çap edilen neşirde türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ösüş depginleri we ýokary derejeli saparlaryň orny hemmetaraplaýyn beýan edilýär, şeýle hem sebitara we halkara derejesindäki gün tertibinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem giňeltmek mümkinçilikleri bellenip geçilýär.

Žurnalda Gruziýanyň Hökümet baştutanynyň şu ýylyň mart aýynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidzeniň arasynda geçirilen duşuşygy şöhlelendirýän maglumatlar beýan edilen. Geçirilen gepleşikler netijeli döwletara gatnaşyklaryň giňelmegine we olaryň täze many-mazmun taýdan baýlaşmagyna ýardam berdi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.

Şeýle hem, bu makalada şu ýylyň awgust aýynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidzeniň arasynda bolan duşuşygy barada maglumatlar beýan edilýär. Türkmen topragynda şeýle giň gerimli forumyň geçirilmegi Türkmenistanyň Durnukly Ösüş Maksatnamasyna ýetmek ugrundaky ygrarlylygynyň subutnamasydyr diýlip bellenildi.

Žurnal Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň      5-nji Tbilisi ýüpek ýoly forumyna gatnaşmagy bilen baglanyşykly maglumatlary hem okyjylara ýetirdi. Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmäge we ählumumy ykdysady, ulag we energetika ugurlarynda özara baglanyşygyny güýçlendirmäge aýratyn ähmiýet berýändigi, şeýle hem Hazar we Gara deňizleriň ekoulgamlaryny goramak boýunça halkara platformany döretmekde tagallalary birleşdirmegi maksadalaýyk hasaplaýandygy nygtaldy.

Žurnal tarapyndan hödürlenen neşirler okyjylaryň giň köpçüligine Türkmenistan döwleti bilen, şeýle hem, iki halkyň dostlugyny we abadançylygyny pugtalandyrmagyna hyzmat edýän, çalt depgin bilen ösüp barýan türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.