Türkmenistanyň DIM-de GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk meseleleri boýunça duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýewiň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda 2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy öňde boljak mejlise aýratyn ähmiýet berýändigini belläp, oňa Arkalaşygyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek üçin möhüm meýdança hökmünde garalýandygyny aýtdy.
Taraplar GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini taýýarlyk meselelerini ylalaşmak hakynda Teswirnamanyň taslamasynyň çäklerinde gün tertibine degişli meseleleri, şeýle hem öňde boljak mejlisi taýýarlamagyň guramaçylyk-protokol taraplaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.
Bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk edýän döwlet hökmünde Türkmenistan mejlisiň ýokary derejede guralmagyny we üstünlikli geçirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görýär.