ŞANHAÝ ŞÄHERINDÄKI ILKINJI HYTAÝ IMPORT SERGISINE TÜRKMENISTANYŇ GATNAŞMAGY

2018-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Şanhaý şäheriniň Milli sergi toplumynda HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda we çykyş etmeginde ilkinji hytaý halkara import sergisiniň dabaraly açylyşy boldy.

Bu çärä wekilleriniň özüniň ösüşini we öndürýän harytlarynyň ýeten derejelerini görkezýän 80-den gowrak döwletiň söwda-maýagoýum pawilýonyna dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan döwlet we hökümet baştutanlary gatnaşdylar.

Sergide Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, senagat, oba hojalygy, dokma senagaty, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliklerinden düzülen topar bäş aýry mowzukda agrosenagat we tekstil toplumy, himiýa senagaty, söwda, medisina, halkyň sarp edýän harytlary we hyzmatlaryndan düzülen öz önümlerini sergä çykaryp, Türkmenistana wekilçilik etdiler.

Serginiň barşynda Türkmenistanyň umumy meýdany 81 kw. metr tutýan pudaklaýyn pawilýonyny köpsanly gatnaşyjylar gördüler hem-de ýurdumyzyň söwda-ykdysady, maýagoýum, ylmy-tehniki we taryhy-medeni mümkinçilikleri bilen tanyş boldular.

Serginiň çäklerinde milli ekspozisiýada önümlerini görkezýän Türkmenistanly öndürijileriň hytaý hyzmatdaşlary bilen duşuşyklary, prezentasiýalary, pikir alyşmalary gurnaldy we sergä gatnaşyjylara iki ýurduň bazarlarynyň talaplary we ugurlary bilen, şeýle hem işewür hyzmatdaşlygyň goşmaça mümkinçilikleriniň ösüşi bilen giňden tanyşmaga mümkinçilik döredi.

Şanhaýdaky ilkinji hytaý halkara import harytlarynyň sergisi öz işini 11-nji noýabra çenli dowam eder.