SEUL ŞÄHERINDE «KOREÝA RESPUBLIKASY – MERKEZI AZIÝA HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ» 11-NJI MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 6-7-nji noýabry aralygynda Seul şäherinde «Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa Hyzmatdaşlyk forumynyň» Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde 11-nji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine bu forumda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary baştutanlyk edýär.

Agzalan forumyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek,  şeýle hem ýurtlaryň işewür adamlarynyň arasynda gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak hem-de bilelikdäki taslamalara goldaw bermek ýaly meselelere garaldy.

Maslahatyň gün tertibine Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwy rejeli peýdalanmak we bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini seljermek ýaly  meseleler girizildi. Türkmen wekiliýeti Aral deňzini halas etmek boýunça geçirilýän çäreler toplumy hakynda maglumat berdi. Belli bolşy ýaly, Türkmenistan 2017-2019-njy ýyllar aralygynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk edýär.                              

Türkmen wekiliýetiniň Koreýa Respublikasynda saparynyň çäklerinde iki döwletiň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryna degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, Hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň ýerine ýetiriji direktory jenap Kim Soň In bilen, şeýle hem Koreý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we beýleki resmi adamlar bilen duşuşyklar geçirildi.