TÜRKIÝEDE «TÜRKMENISTAN – BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT WE KITABYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy Türkiýe Respublikasynyň Kastamonu döwlet uniwersiteti bilen bilelikde 2018-nji ýylyň 6-njy noýabrynda “2018-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen Kastamonu şäherinde «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ylmy-amaly maslahaty we hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly birinji kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyryş dabarasy hem-de “Türkmenistan günleri” mynasybetli çäreler geçirildi.

Çäreleriň çäginde hormatly Prezidentimiziň eserleri we medeni gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrýan sergi, türkmen talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazly dabaralar guraldy we türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Maslahata we tanyşdyryş dabarasyna Türkiýe Respublikasynyň Kastamonu welaýatynyň gubernatory Ý.Karadeniz, Kastamonu şäheriniň häkimi T.Babaş, Kastamonu döwlet uniwersitetiniň rektory S.Aýdyň, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýew, Türki halklarynyň medeniýeti we sungaty halkara guramasynyň baş sekretary D.Kaseinow, Türkmenistan-Türkiýe dostluk jemgyýetiniň agzalary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Türkiýe Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça halkara ulag-logistika ulgamynyň netijeliligini artdyrmak, energetika ulgamynda möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, şeýle hem parahatçylyga we howpsuzlyga esaslanýan daşary syýasy gatnaşyklary barada gürrüň berdiler.   

Şeýle hem ylmy-amaly maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan başy başlanan halkara ulag geçelgelerini döretmek, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi boýunça wezipeleriň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigi nygtaldy.

Maslahata gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň türk dilindäki nusgasy sowgat edildi.