Aşgabadyň Täze ýyl arçasy – GDA ýurtlaryndakylaryň iň belendidir

«Älem» Medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň belentligi depesine gelşik berýän sekizburç ýyldyzy bilen 38 metrdir. Ol GDA ýurtlaryndakylardan iň belendidir. Azerbaýjanyň we Ermenistanyň paýtagtlarynda oturdylan Täze ýyl arçalary Aşgabat arçasyndan 1 metr pesdir. Özbegistanyňky – 3 metr, Belarusyňky- 8 m, Täjigistanyňky – 10 m, Russiýanyňky- 11 m, Gyrgyzystanyňky, Gazagystanyňky we Grusiýanyňky -13 metr keltedir. 

Ýurduň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy 2018-nji ýylyň 15-nji dekabrynda bolupdy. Dürli şarlardyr oýunjaklar we öwşün atýan bezeg şerişdeleri bilen bezelen owadan arçanyň töweregindäki dabaralar 10-njy ýanwara çenli dowam eder: Täze ýylyň esasy gahrymanlary Aýazbaba we Garpamyk, şeýle hem olaryň kömekçileri – türkmen ertekileriniň gahrymanlary – çagalary aýdym-sazly hem-de sahnalaşdyrylan tomaşalar bilen begendirerler.