Türkmenistanlylar 2019-njy ýyly gülläp ösýän Watana buýsanç bilen garşyladylar

Türkmenistanlylar Täze, 2019-njy ýyly uly dabaralar bilen garşyladylar we ony agzybir maşgala hökmünde dabaralandyrdylar. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçen 2018-nji ýyly uly hormat bilen tamamlady, ol unudylmajak aýdyň wakalara, täze üstünliklere beslendi.

Ministrler Kabinetiniň 28-nji dekabrda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylda ýerine ýetirilen işleri gysgaça jemläp, oňa oňyn baha berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, 2018-nji ýyl ýurdumyz üçin rowaçlykly, üstünlikli hem-de ýatda galyjy boldy.

Möhüm wakalaryň hatarynda Owganystanyň çäklerinde Türkmenistan —Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijiniň gurluşygynyň başlanmagyny, Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň we iri senagat toplumlarynyň açylmagyny, şeýle hem “Amul — Hazar” halkara awtorallisiniň, Agyr atletika boýuna dünýä çempionatynyň geçirilmegini we beýlekileri görkezmek bolar.

Ählumumy ykdysadyýetdäki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyz saýlap alan ýoly bilen ynamly öňe gitdi diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bu ýol bolsa garaşsyzlyk, bitaraplyk, giň we netijeli halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlylyk, eziz halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ýoludyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýet ulgamynda gazanylan görkezijiler barada aýtmak bilen, 2018-nji ýylyň halk hojalyk toplumynda ýokary depginlere beslenendigini nygtady. Hususan-da, ähli pudaklar boýunça önümçiligiň möçberleriniň artdyrylmagy üpjün edildi, ýokary tehnologiýaly kärhanalar ulanmaga berildi. Ýurdumyz, esasan, oba hojalyk pudagyndan senagat taýdan ösen döwlete öwrüldi.

Öňde giň gerimli wezipeler garaşýar, biz olary ýerine ýetirmäge ynamly girişeris hem-de olary milli derejede hem, sebit we dünýä derejesinde hem geljegini aýdyň görýäris.

Ýokarda agzalan hökümet mejlisinde milli Liderimiz 31-nji dekabry iş güni däl diýip yglan etmek baradaky Permana gol çekdi, bu çözgüt bolsa baýramçylyk şagalaňyna şatlyk goşdy, bu mynasybetli raýatlarymyza dört günlük dynç berildi.

Şu günler ähli ýerlerde medeni çäreler guraldy, sergiler hem-de konsertler, sahnalaşdyrylan çykyşlar we çagalar üçin dabaralar ýaýbaňlandy. Asylly däp boýunça paýtagtymyzdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkezi täze ýyl dabaralarynyň geçirilýän meýdançasyna öwrüldi, ýakynda bu ýerde oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasyna ýaş türkmenistanlylaryň täze ýyl baýramçylyk şatlygyny paýlaşmak üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geldi.

Dabaralaryň bezegçileriniň hem-de guramaçylarynyň tagallalary bilen bu meýdança ertekiler dünýäsini ýada salýar, taryhy döwürleriň — häzirki zamanyň hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň täsin sazlaşygy emele geldi. Geçen we ýetip gelýän ýylyň nyşanlary — Wepaly alabaýyň we ýekegapanyň keşpleri janlandyryldy. Belentligi 38 metre deň bolan köp öwüşginli ýyldyzjyklar, oýnawaçlar we beýlekiler bilen göwnejaý bezelen Baş arçanyň töwereginde uly bolmadyk köp sanly arçajyklar oturdyldy, gyş görnüşleri döredildi, olar biziň ähli isleglerimizi we arzuwlarymyzy ýerine ýetirmek üçin baýramçylygymyza gelen Aýazbabanyň we Garpamygyň dagda ýerleşýän öýüni ýada salýar.

Täze ýyl agşamy bu ýere köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnandylar. Aýdym-saz belentden ýaňlanýar, şadyýan dabara hem-de agzybirlik ýagdaýy emele gelýär. Hemmeler iň gowy arzuwlaryny, maksatlaryny ýetip gelen Täze ýyl bilen baglanyşdyrýarlar, eziz ýurdumyzy gülläp ösýän mekana öwürmek biziň hemmämiziň umumy maksadymyz bolup durýar. Şol sebäpli hem 2019-njy ýylyň “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” şygary halkymyzyň umyt-arzuwlaryny beýan edýär, olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Baştutanlygynda durmuş hakykatyna öwrülýär.

... Medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde belli estrada aýdymçylarynyň, sungat ussatlarynyň hem-de ýaşlaryň gatnaşmagynda tomaşaçylara şatlyk paýlaýan Täze ýyla bagyşlanan aýdym-sazlar ýerine ýetirilýär. Folklor äheňleri boýunça tans çykyşlary häzirkizaman görnüşinde ýerine ýetirilýär.

“Galkynyş”, “Laçyn”, “Näzli”, “Aşgabat”, “Meňli” tans toparlary we Döwlet tans topary aýdymçylaryň çykyşlaryny bezedi. Bu konsert iki sagada golaý dowam edip, “Geldi Täze ýyl” atly aýdymy tomaşaçylaryň joşgunly el çarpyşmagy bilen ähli artistleriň ýerine ýetirmegi bilen tamamlandy.

Baýramçylyk dabaralaryny alyp baryjylar ähli watandaşlarymyzyň adyndan hormatly Prezidentimize Täze ýyl gutlaglaryny aýdýarlar we döwlet Baştutanymyza bagt, jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen beýik maksatlarynda üstünlik arzuw edýärler.

Meýdançada şahyrana setirler ýaňlanýar, olarda Türkmenistan, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wasp edilýär hem-de Täze ýyl durmuşymyza iň ajaýyp we şanly wakalar bilen girmäge çagyrylýar.

Soňra alyp baryjylar türkmen paýtagtyny ýurdumyzyň ähli welaýat merkezleri bilen baglanyşdyrýan teleköpriniň başlanýandygyny yglan edýärler.

Teleköpriniň kömegi arkaly Aşgabatda geçirilýän Täze ýyl dabaralaryna yzly-yzyna ýurdumyzyň welaýatlary goşulýarlar. Şu gün sebitleriň edara ediş merkezlerindäki meýdançalarda köpöwüşginli Täze ýyl baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Welaýatlaryň estradaçylary we döredijilik toparlary hem-de köp sanly tomaşaçylar gatnaşdylar. Olaryň hatarynda hormatly ýaşulular, ak gyňaçly eneler, ýaşlar, oba ýaşaýjylary we çagalar bar.

Ilki bilen, teleköprä Ahal welaýaty goşulýar. Täze ýyly wasp edýän gutlagly goşgulardan soň, bu ýerde guralýan şanly waka mynasybetli, ýörite taýýarlanan baýramçylyk konsertine orun berilýär.

Soňra teleköprüde Balkan welaýaty peýda bolýar. Deňiz ýakasyndaky sebitiň ähli ilatynyň adyndan tutuş watandaşlarymyza gutlag sözlerini aýdyp, günbatar welaýatyň wekilleri Täze ýyl mynasybetli taýýarlan baýramçylyk çykyşlaryny görkezýärler.

Nobat Daşoguz welaýatyna berilýär. Ýurdumyzyň demirgazyk sebiti döredijilik dessurlaryna we zehinli artistlere baý bolmak bilen, olar gutlag sözlerinden soň, taýýarlan baýramçylyk çykyşlaryny uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler.

Bu ýerde guralan teleköprini Lebap welaýatynyň wekilleri dowam etdiler. Olar tutuş halkymyzy we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Täze ýyl bilen gutlap, şanly waka mynasybetli taýýarlan aýdym-sazly, joşgunly tansly çykyşlaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Gezek Mary welaýatynyň ilatyna ýetýär. Sebitiň wekilleri goşgy setirleriniň üsti bilen Täze ýyl gutlaglaryny beýan edýärler, artistler we körpe ýerine ýetirijiler çykyş edýärler.

Täze ýyl teleköprüsini paýtagtymyz — Aşgabat şäheriniň ilaty jemleýär. “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançany dolduran adamlar, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaşaýan watandaşlarymyza gutlag sözlerini aýdýarlar we hemmeleriň arzuwynyň hasyl bolmagyny, işde uly üstünlik gazanmaklaryny arzuw edýärler. Olaryň çykyşlaryny belli artistler we tans toparlary baýramçylyga bagyşlan aýdym-sazlary bilen goldaýarlar.

Welaýatlaryň we paýtagtymyzyň ilatynyň Täze ýyl mynasybetli aýdan baýramçylyk gutlaglaryny, çykyşlaryny jemlemek bilen, dabarany alyp baryjylar bu ýerde aýdylan arzuwlaryň düýp manysyny beýan edýärler. Bellenilişi ýaly, goý, Türkmenistan hemişe güllesin, mähriban Watanymyzyň halkara abraýy ýyl-ýyldan belende galsyn, halkymyz bagtyýarlykda we abadançylykda ýaşasyn!

Ähli türkmenistanlylaryň adyndan ýadawsyz işleri hem-de Watanymyza wepaly gulluk etmegiň nusgalyk göreldesi üçin milli Liderimize çäksiz hoşallyklar beýan edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň paýhasly ýolbaşçylygynda 2019-njy ýylda ýurdumyzyň ýylýazgysynyň täze üstünlikler bilen has-da baýajakdygy, onuň halkara abraýynyň täze, ýokary derejä çykjakdygy gürrüňsiz hakykatdyr.

Tolgundyryjy pursat ýetip geldi. Bu ýerde guralan ekranlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Oguz han” Köşkler toplumyndan Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl Gutlagy göni ýaýlym arkaly tutuş halkymyza ýetirildi.

Meýdança ýygnanan adamlar we teleekranlaryň öňündäki millionlarça watandaşlarymyz milli Liderimiziň çykyşyny uly üns bilen diňlediler. Şu pursatda Garaşsyz Watanymyza, ýurdumyzyň häzirki döwrüne we nurana geljegine bolan buýsanç duýgulary ähli türkmenistanlylary has-da jebisleşdirdi.

Döwlet Baştutanymyz 2018-nji ýylyň jemlerini jemläp, ýurdumyzyň durmuşynyň dürli ulgamlarynda uly sepgitlere ýetilendigini, esasan bolsa halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanandygyny belledi. Indi bolsa 2019-njy ýyly özygtyýarly Watanymyzyň täze üstünliklere ýetjekdigine uly umyt bildirip garşylaýarys.

Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz parasatly ata-babalarymyzyň “It ýyl ek, doňuz ýyly or” diýen nakylyny getirdi, geljek ýyl hasyllylygy we bolçulygy alamatlandyrýar.

2018-nji ýylda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen şanly wakalary bellemek bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň hatarynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilendigini, paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynda “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň, Türkmenabat şäherinde köpugurly hassahana bilen ýaşaýyş jaý toplumynyň, Mary şäherinde çagalar hassahanasynyň, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş merkezli akwaparkyň we şypahananyň, paýtagtymyzda işewürlik toplumynyň, Ahal welaýatynda aýna kärhanasynyň, Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde ýurdumyzda ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasynyň, Balkan welaýatynda “Garabogazkarbamid” zawodynyň, polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň ulanmaga berlendigini aýratyn nygtady.

Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň, Türkmenabat halkara howa menziliniň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap dikeldilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna başlanylmagy möhüm wakalar boldy...

Hakykatdan-da, 2018-nji ýylda amala aşyrylan işleriň hemmesini sanap geçmek aňsat bolmazdy, emma geljekki wezipelere ünsi jemlemek zerur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda saglygy goraýyş, sport, ylym we bilim ulgamlarynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna we ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe döwlet maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz geljekde hem Türkmenistanda bu ulgamlaryň, şeýle hem medeniýet ulgamynyň ösdürilmegine uly üns beriljekdigini belledi.

Milli Liderimiz döwletimiziň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlary kesgitledi, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlyk bu ugurlaryň biri bolup durýar.

Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen biz 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp hem-de diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Garaşsyz ýurdumyza buýsanjymyzdan, aýdyň maksatlarymyzdan ugur alyp, biz 2019-njy ýyla “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýip at berdik.

Täze ýylda ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmakda merdana halkymyzyň watansöýüjiligi we yhlasly zähmeti biziň güýç-kuwwatymyzy has-da artdyrar.

Goý, Täze ýyl parahatçylygyň we dynçlygyň, abadançylygyň hem-de egsilmez rysgal-berekediň ýyly bolsun diýip, döwlet Baştutanymyz Täze ýylda hemmelere bagt, uly üstünlikler we abadançylyk arzuw etdi.

Watandaşlarymyzy Täze, 2019-njy ýyl bilen ýene bir gezek gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny öz döreden goşgy setirleri bilen jemledi, olarda iň gowy umyt-arzularyň hasyl bolmagyna tüýs ýürekden ynam beýan edilýär.

Watandaşlarymyzyň ählisi bu aýdylanlary tutuş durky bilen kabul etdiler. Ýene-de az salymdan hemmeleriň ünsi gönükdirilen sagadyň dilleri 12 sanda saklanar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Baýramçylyk feýerwerki “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň asmanyny dürli öwüşginler bilen bezeýär. Täze ýyl gijesi garaňky asmanda uçgunlaryň nagyşlaryny emele getirip, ýalkym saçýan dürli öwüşginlere beslendi. Şeýle dabaraly pursatda türkmenistanlylar gelýän ýyl bilen iň gowy umytlaryny bagladylar, ol umytlaryň ählisi ýagşylyga we döredijilige, ertirki güne bolan ynama hyjuwlar bilen birleşdi. Täze ýyl täze gözýetimleri we mümkinçilikleri açar.

Biz Täze ýyly röwşen arzuwlar bilen garşyladyk hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda iň batyrgaý we giň gerimli başlangyçlary amala aşyrmaga taýýardyrys! 
 

***

Täze ýylyň öňüsyrasyndaky baýramçylyk agşamy köpöwüşginli dabaralara, ýürekleriň joşgunyna ulaşdy. Şeýle dabara mähriban Watanymyzyň ähli şäherlerini, obalaryny we dürli künjeklerini gurşap aldy. Seýilgählerde, konsert meýdançalarynda we açyk sahna we teatr merkezlerinde guralýan aýdym-sazly çykyşlar şatlyk-şowhuna, köpöwüşginli baýramçylyk şuglalaryna beslendi.

Belent başly Täze ýyl arçalarynyň ýanynda guralýan dabaralara gatnaşýan çagalaryň şatlygyna uly adamlar hem şärik bolýarlar. Medeni-köpçülikleýin çäreler hemmelerde ýakymly duýgulary oýaryp, dabara gatnaşyjylara köp sanly täsirli wakalary eçilýär we ýagşy arzuwlaryň hasyl bolmagyna ynamy pugtalandyrýar.

Köpöwüşginli teatrlaşdyrylan çykyşlar, belli artistleriň, ýaş estrada aýdymçylaryň, sirk artistleriniň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylýan joşgunly çykyşlar ähli halkymyz üçin özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Şeýle hem çykyşlar we täsirli duşuşyklar ýatda galyjy wakalara beslendi.

“Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda, “Ylham” seýilgähinde hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada joşgunly täze ýyl dabaralary ýaýbaňlandyryldy.

Baýramçylyk dabaralaryna gatnaşýanlaryň ählisiniň ünsi myhmanlara şadyýanlyk we hoşniýetli arzuwlary paýlaýan Aýazbaba we Garpamyga gönükdi.

Bu tolgundyryjy gije tutuş ýurdumyz boýunça ählumumy ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi hem-de hemmeleri we her bir adamy köpöwüşgünli şatlykly baýramçylyga goşdy. “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” şygary bilen geçjek 2019-njy ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan Garaşsyz Bitarap Türkmenistan iň gowy arzuw-umytlar hem-de röwşen geljek bilen baglanyşdyrylýar.

Bu täsin gyş baýramçylygy ulularyň we çagalaryň kalplarynda uzak wagtlap ýakymly duýgular bilen saklanar.