Işde hem aýdymda Watanymyzyň Bitaraplygyny wasp edýäris

photo

Maslahat köşgüniň sahnasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 21 ýyllygyna bagyşlanan döwlet konserti boldy. 

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry — bu şanly senäniň jemgyýetimiz hem-de döwletimiz üçin taryhy ähmiýeti örän uludyr. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada Kararnamany biragyzdan goldady we kabul etdi. 

Geçen ýylyň iýunynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnama biragyzdan gaýtadan kabul edildi. 47 ýurduň awtordaş bolup çykyş eden resminamasynyň esasy düzgünnamalarynda Garaşsyz Türkmenistanyň Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitlerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary goldanylýar, türkmen Bitaraplygynyň sebit hem-de ählumumy ösüşiň ykdysady we geoykdysady ugurlaryna oňyn täsir edýändigi bellenilýär, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energiýa serişdelerini durnukly üstaşyr geçirmäge hem-de ygtybarly ulag-aragatnaşyk geçelgelerini döretmäge degişli işjeň başlangyçlaryna goldawy mälim edilýär. Şeýle hem Kararnamada çylşyrymly adatdan daşary ýagdaýlarda we tebigy betbagtçylyklarda döwletlere hem-de halklara ynsanperwer kömegini bermekde ýurdumyzyň işjeň orny ykrar edilýär. 
 


Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada Kararnamanyň gaýtadan kabul edilmegi ýurdumyzyň ýokary halkara abraýynyň, oňyn bitaraplyk ýörelgelerine, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga hem-de ählumumy bähbitlere jogap berýän giň halkara hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasat ugrunyň netijeliliginiň täze aýdyň subutnamasy boldy. Bu ýagdaý nobatdaky gezek Milletler Bileleşiginiň biziň döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesine yzygiderli goldaw berýändigini görkezdi. Parahatçylyk, howpsuzlyk we öňegidişlik — bu düşünjeler indi çärýek asyr bäri Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasat doktrinasyny takyk häsiýetlendirýär. 

Halkara derejede ykrar edilen syýasy-hukuk derejesine eýe bolan Garaşsyz Watanymyz Merkezi Aziýa sebitinde hakyky ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Bitaraplygy dünýäde deňi-taýy bolmadyk aýratyn ýagdaýdyr. Garaşsyzlyk ýyllary ýurdumyzyň şol çylşyrymly hem-de aýgytly pursatda saýlap alan ugrunyň mähriban halkymyzyň milli bähbitlerine doly kybap gelýändigini aýdyň görkezdi. 

Bu gün Garaşsyz Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli däp-dessurlara tutuşlygyna laýyk gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan, dünýäniň döwletleri hem-de halklary bilen ysnyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen yzygiderli içeri we daşary syýasaty netijesinde dünýäniň ösen ýurtlarynyň arasynda mynasyp ornuny eýeleýär. 

Şu gün Maslahat köşgüniň ajaýyp binasynda uly ruhubelentlik höküm sürýär. Bu ýere Mejlisiň ýolbaşçylary hem-de Türkmenistanyň Hökümet agzalary, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň, ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, ýaşulular we talyp ýaşlar ýygnandylar. 
 


Baýramçylyk konsertini “Dokmaçylar” folklor toparynyň ýerine ýetirmeginde “Arkadagym toý tutýar” atly sazly-tans çykyşy açýar. Bu çykyşda häzirki zaman Türkmenistanyň halkymyzyň beýik geçmişi bilen aýrylmaz baglanyşygy milli lybasly ýerine ýetirijileriň täsin tans usullary hem-de haýran galdyryjy hereketleri arkaly görkezilýär. 

Dünýäniň nurana geljeginiň bähbidine halklary birleşdirýän parahatçylyk, dostluk we ynsanperwer maksatlary ileri tutýan belent mazmun konsertiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şeýle ruhy gymmatlyklar sungat ussatlarynyň ajaýyp çykyşlarynda ussatlyk bilen wasp edilýär. “Ýüpek ýollary” tans toparynyň çykyşy bilen utgaşykly ýerine ýetirilen “Watanym Türkmenistan” atly aýdymda mähriban halkymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrýan, onuň abadan, parahatçylykly we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen “Döwlet adam üçindir!” atly şygar astynda amala aşyrylýan giň göwrümli özgertmeler syýasaty şöhlelendirildi. 

Çykyşyň mazmunynda ýurdumyz tarapyndan gurulýan dostluk we hyzmatdaşlyk halkara ýollarynyň görkezilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Aşgabatda 26—27-nji noýabrda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatda hem-de Atamyrat — Ymamnazar — Akina böleginiň, Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň polat ýolunyň birinji tapgyrynyň işe girizilmeginiň dabaraly çäresinde jemgyýetçilik gyzyklanmasyna eýe bolan iki ähmiýetli waka bu çykyşlarda aýdyň öwüşgine eýe boldy. 

“Arkadagymyzyň paýhas çeşmesi” atly aýdymyň ýerine ýetirilmegi tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanyp, olaryň dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Konsertde ýerine ýetirilen “Bitarap Türkmenistan” atly aýdyma diňleýjileriň aglabasy öz seslerini goşdular. “Aşgabat” tans topary türkmenistanlylaryň täze döwre mahsus joşgunly depginini tans sungatynyň dilinde beýan etdi. 

Ýurdumyzyň iň oňat döredijilik toparlary, belli estrada ýerine ýetirijileri, özboluşly milli sungatymyzyň däp-dessurlaryny mynasyp dowam etdirýän folklor çykyşlarynyň ussatlary gezekli-gezegine sahna çykýarlar. Baýramçylyk agşamynyň maksatnamasyna nusgawy eserler hem girizilipdir. Ussat ýerine ýetirijiler bilen bir hatarda, sungatda özleriniň ilkinji ädimlerini ädýän ýaş ýerine ýetirijileriň bilelikde çykyş etmegi baýramçylyk konsertiniň häsiýetli aýratynlygy boldy. 

Aýdymçylaryň sesini goşup aýdýan, diňleýjileriň kalplarynda joşgun döredýän aýdymlar tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. 

“Küştdepdi” tansy baýramçylyk konsertiniň ajaýyp bezegine öwrüldi. Bu gadymy, ýöne joşguny bilen hiç mahal könelmeýän tans bireýýämden bäri türkmen tans sungatynyň esasy görnüşi bolup durýar. Ol “Gazal aýdyp, küşt depeliň toý güni!” atly sazly tans çykyşynyň esasyny düzdi. Şeýle köp tansçynyň birwagtda ussatlyk bilen bu çykyşy ýerine ýetirmegi gözelligi hem-de giň göwrümliligi bilen örän uly täsir galdyrdy. 

“Buýsan, halkym, Arkadagdan arkaň bar!” atly aýdymyň ýerine ýetirilmegi dabaraly agşamy joşgun bilen jemledi. Bu aýdymyň dowamynda meşhur aýdymçylara konserte gatnaşyjylaryň hemmesi goşulyşdy. Tiz wagtdan watansöýüjilik duýgularyna ýugrulan bu aýdymyň sözlerini döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyza bolan buýsanç duýgusyndan kalplary doly tomaşaçylar hem biragyzdan gaýtaladylar. 
 

* * *


Şu gün Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli konsertler ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda, döwrebap medeniýet öýlerinde hem-de sahna meýdançalarynda geçirildi. Şol konsertlerde bagtyýar halkymyzyň gazanýan uly üstünliklerini, mähriban Watanymyzy wasp edýän milli tanslar ýerine ýetirilip, aýdymlar ýaňlandy.