Agrar partiýasyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgäri görkezildi

photo

Şu gün ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Agrar partiýanyň işjeň agzalarynyň maslahaty boldy. Onuň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgäri görkezmek meselesi girizildi. Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde ýurdumyzyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow hödürlendi. 

Gatnaşyjylar D.Orazowyň iş we durmuş tejribesi bilen tanyşdyryldy. Onda çykyş edenler dalaşgäriň ýokary guramaçylyk ukyby, hünär derejesi, dürli wezipelerde toplan iş tejribesi, şeýle hem adalatly we her bir işde goldaw bermäge ukyply hem-de göreldeli maşgalabaşy hökmündäki şahsy häsiýetleri barada aýtdylar. 

Ýygnaga gatnaşanlar D. Orazowyň ýurdumyzyň obasenagat pudagyna goşan saldamly goşandyny nygtap 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dalaşgär hödürlenmegini goldadylar. 

D.Orazow öz gezeginde bu ýere ýygnananlara bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, bu wezipäniň örän jogapkärçiliklidigine göz ýetirýändigini aýtdy we bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. 

2014-nji ýylyň sentýabr aýynda döredilen Agrar partiýasy obada işleýän hünärmenleriň we beýleki işgärleriň arasyndan öňdebaryjylaryny, ekerançylyk meýdanlarynda, maldarçylyk hojalyklarynda netijeli iş alyp barýanlary özünde jemlemek bilen, birleşen tagalla arkaly oba hojalyk kärhanalarynyň dolandyryş ulgamyna netijeli we täzeçil tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýar. 

Maslahatda ses bermek çäresi geçirilenden soň, Agrar partiýanyň wekilleri degişli Karary kabul edip, ony Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topara ugratdylar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi