Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy 2019-njy ýylyň «Türkmenistan- rowaçlygyň Watany» şygaryna bagyşlanan Diplomatik Ylgaw ýaryşy geçirdi

2019-njy ýylyň 9-njy martynda Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy, Gruziýanyň Daşary işler ministrligi we Gruziýanyň Korporatiw sport federasiýasy bilen bilelikde 2019-njy ýylyň   «Türkmenistan - rowaçlygyň Watany» şygaryna bagyşlanan Diplomatik Ylgaw ýaryşy geçirildi.

 Bu Diplomatik Ylgaw ýaryşyna Gruziýanyň Daşary işler ministri Dawid Zalkaliani, Gruziýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň,  halkara guramalaryň yolbaşçylary we wekilleri, Gruziýanyň Korporatiw sport federasiýasynyň köpsanly wekilleri, şeýle hem Gruziýanyň türgenleri we tälimçileri gatnaşdylar. Diplomatik Ylgaw ýaryşyny ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri giňden ýaýbaňlandyrdylar.

Diplomatik Ylgaw ýaryşyň başynda 2019-njy ýyly                  «Türkmenistan - rowaçlygyň Watany» diýip atlandyrylandygy bellenip, оňa gatnaşyjylara Türkmenistanda her ýylda geçirilýän bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleri barada gürrüň berildi. Halkyň abadançylygy, onuň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli, aň-paýhas taýdan ösen ýaş nesli kemala getirmek baradaky alada Türkmenistanda döwlet syýasatynyň aýratyn möhüm ugry derejesine çykaryldy diýip bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek boýunça çäreler milli taglyma öwrüldi, ol türkmen jemgyýetini jebisleşdirip, tutuş il bolup, zyýanly endiklere garşy durmaga hem-de sazlaşykly ösen raýatlaryň ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmäge ýardam edýär.

Diplomatik Ylgaw ýaryşyna gatnaşyjylara we ýeňijililere hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan aýratyn uly ýaşlylaryň arasynda üç gezek sportuň häzirki zaman triatlon görnüşinde dünýä ýeňijisi bolan Genri Kupraşwilia sowgat gowşuryldy.