TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DAŞARY SYÝASAT UGRUNA BAGYŞLANAN BRIFING

2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat ugruna bagyşlanan brifing geçirildi, oňa milli hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Brifingiň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri çykyş etdiler, olar birfinge gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan durmuşa geçirilýän daşary syýasat ugry, dünýäniň ösen ykdysadyýetli ýurtlary we abraýly halkara guramalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk hakynda jikme-jik gürrüň berdiler.

Brifingiň dowamynda şu hepdäniň möhüm wakalaryna aýratyn ähmiýet berildi.

Mälim bolşy ýaly, 15-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň we Fransiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi, oňa gatnaşmak üçin Fransuz Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary jenap Žan-Batist Lemuan Aşgabada iş sapary bilen geldi. Şeýle hem saparyň barşynda Hökümetara türkmen-fransuz toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Fransiýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Şeýle hem 16-18-nji aprelde Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparynyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana döwlet sapary bolar. Aşgabada saparynyň barşynda onuň ýurduň Baştutany bilen duşuşygy meýilleşdiriendir. Ýokary derejedäki gepleşiklerde hyzmatdaşlygyň, has takygy söwda-ykdysady ulgamy we halkara gün tertibi boýunça ikitaraplaýyn meseleleriniň giňişleýin ara alyp maslahatlaşylmasy geçiriler. Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn ylalaşyklara we ähtnamalara gol çekilmegine garaşylýar.

16-njy aprelden 18-nji aprel aralygynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň açylan gününiň 20-ýyllygyna bagyşlanan birnäçe çärelere gatnaşmak maksady bilen ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Gremingeriň Aşgabada iş sapary bolar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen duşuşuklary geçiriler.