Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň aýdan mähirli salamyny ýetirdi. Olar ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigini nobatdaky gezek tassykladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly döwletiň ýolbaşçylaryna özüniň iň oňat arzuwlaryny aýdyp, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen berkidilen döwletara gatnaşyklaryň ýyl-ýyldan täze many-mazmun bilen baýlaşýandygyny nygtady. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan goňşy ýurtlar, şol sanda Eýran bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de dürli pudaklarda köpýyllyk gatnaşyklaryň tejribesine esaslanýan oňyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiz we myhman geçen ýyllarda döredilen uly kadalaşdyryjy-hukuk binýadyna daýanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň hem-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň anyk guraly hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň eýeleýän orny nygtaldy.

Bilelikdäki iri meýilnamalary amala aşyrmaga täze mümkinçilikleri açýan netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin örän uly kuwwatyň bardygy bellenildi. Nygtalyşy ýaly, iki ýurt tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilen birnäçe taslamalar Durnukly ösüş maksatlaryna kybap gelýär hem-de durmuş-ykdysady taýdan ähmiýetlidir.

Esasy ugurlarda, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek arkaly häzirki zaman ulag düzümini kemala getirmek boýunça möhüm halkara başlangyçlary göz öňünde tutup, ulag-kommunikasiýa ulgamynda, şeýle hem ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Mälim bolşy ýaly, bu ulgamlarda biziň ýurtlarymyz bilelikde işlemegiň uly tejribesini topladylar. Şeýle işler üstünlikli amala aşyrylan hem-de durmuşa geçirmäge taýýarlanylýan taslamalardan ybaratdyr, şolaryň hatarynda bu gün üstünlikli hereket edýän Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly, şeýle hem Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman halkara geçelgesini döretmek taslamasy bar. Bu halkara ulag geçelgeleri Merkezi Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogar döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendir, munuň özi, umuman, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmegiň ýagdaýlarynyň birine öwrüler.

Döwlet Baştutanymyz we myhman ýangyç-energetika toplumy ulgamynda gatnaşyklaryň geljegini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda biziň ýurtlarymyzyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi hem-de örän uly tebigy serişdeleriniň bolmagy bilen baglylykda, giň mümkinçilikler bar. Bu ýagdaýlar energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy esaslandyrýar, bu bolsa döwrüň möhüm meselesidir.

Hazarda hyzmatdaşlyk etmek ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Şunuň bilen baglylykda, myhman 2018-nji ýylyň awgust aýynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitinde hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlarynyň möhümdigini nygtady.

Oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli gatnaşyklar ýörelgelerine esaslanan, milli hem-de umumy bähbitleriň sazlaşdyrylmagynda ýola goýulýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirip, ýurdumyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde Hazarda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de ösdürmek ugrunda çykyş edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň awgust aýynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetini aýratyn belledi. Onuň gün tertibi gatnaşyjy döwletleriň özara hereketleriniň geljegi uly ugurlarynyň esasyny düzýän meseleleriň giň toplumyny gurşap alar. Söwda-ykdysady gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak, şol sanda iri halkara taslamalary işläp düzýän hem-de durmuşa geçirmek üçin şertleri döretmek ýaly möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, köptaraply ykdysady gatnaşyklaryň Hazarýaka döwletleriň hökümetleriniň arasynda V sammitiň netijeleri boýunça gol çekilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda hem-de Ulag ulgamynda özara gatnaşyk etmek hakynda ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berjekdigi nygtaldy.

Ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine aýratyn üns çekildi. Bellenilişi ýaly, biziň halklarymyzy asyrlaryň jümmüşine aralaşyp gidýän taryhy kökler, hoşniýetli goňşuçylygyň gadymy däpleri baglanyşdyrýar diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de geçirilýän bilelikdäki medeni çäreleriň we dürli maslahatlaryň ähmiýetini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de EYR-nyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif iki dostlukly ýurduň we halkyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Ahmadi gatnaşdy.