Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy birinji Hazar ykdysady forumuna bagyşlap tegelek stol geçirdi

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy 2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Gruziýanyň Grigol Robakidze adyndaky uniwersitetinde şu ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäheriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Hazar ykdysady forumuna bagyşlap tegelek stol geçirdi.

Bu çärä uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Tegelek stolyň başynda oňa gatnaşyjylara birinji Hazar ykdysady formynyň ähmiýetine hem-de mümkinçiliklerine bagyşlanan wideo-rolik görkezildi.

Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji Hazar ykdysady forumy geçirmek boýunça başlangyjy bilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V Sammitinde öňe sürendigini bellediler. Şeýle hem, Hazarda özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, tebigy serişdeleriň netijeli peýdalanyşyny höweslendirmegiň guralyny işläp taýýarlamak, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny hem-de maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça tejribe alyşmak, bilelikdäki kärhanalary döretmek we işewür gatnaşyklary has-da ösdürmek boýunça tagallalary utgaşdyrmak üçin, Hazar ykdysady forumynyň wajyp wezipeleriniň biri bolup durýar diýip, oňa gatnaşyjylar bellediler.