Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Karen Karapetýan bilen duşuşygy boldy. Ol düýn uly wekiliýete ýolbaşçylyk edip, ýurdumyza geldi.
Dostlukly döwletiň hökümetiniň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Okgunly ösýän, oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen uzak möhletli we giň möçberli gatnaşyklary pugtalandyrmak onuň ýurdunyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistanyň Premýer-ministrini türkmen topragynda mübärekläp, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Milli Liderimiz türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde hem-de abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi we ýurdumyzyň Ermenistan Respublikasy bilen dostluk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady.
Türkmenistanyň we Ermenistanyň özara gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ep-esli işjeňleşmegi bilen häsiýetlendirilýär. Soňky ýyllarda bu gatnaşyklar özara milli bähbitlere laýyklykda okgunly ösdürilýär. Netijeli döwletara gatnaşyklaryň ýola goýulmagy türkmen we ermeni halklarynyň hoşniýetli erk-islegini durmuşa geçirýän iki ýurduň Liderleriniň uly hyzmatynyň netijesidir.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de myhman meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşyp, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklere aýratyn üns berdiler. Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen berk şertnama-hukuk binýady döwletara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň işi hem-de Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän syýasy geňeşmeler we iki ýurduň dürli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň wekilleriniň arasynda geçirilýän işewür gepleşikler şol şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine hem-de baýlaşdyrylmagyna ýardam edýär.
Iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň isleglerini, durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, möhüm ugurlaryň birnäçesinde uzakmöhletli we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikler açylýar. Hormatly Prezidentimiz we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri söwda-ykdysady ulgamy esasy ugurlaryň hatarynda kesgitläp, taraplaryň netijeli gatnaşyklary giňeltmäge çalyşýandyklary bellenildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň iri düzümleýin taslamalaryň başyny başlap, birnäçe ugurda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge saldamly goşant goşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerinde jogapkärli hem-de işjeň orun eýeleýändigini belledi. Biz ermeni dostlarymyzyň türkmen tarapynyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny goldaýandyklaryna ýokary baha berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Häzirki döwürde geografiki we ykdysady ýagdaýlary nazara almak bilen, ulag-aragatnaşyk ulgamynda döwrebap düzümi döretmek boýunça Türkmenistanyň we Ermenistanyň gatnaşmagynda giň möçberli halkara taslamalary meýilleşdirmek hem-de durmuşa geçirmek uly ähmiýete eýe bolýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Karen Karapetýan bu ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini aýdyp, iki ýurduň bilelikdäki işini ýola goýmagyň möhümdigini bellediler.
Maşyngurluşyk, elektronika, oba hojalygy, dokma pudagy, azyk senagaty ýaly ulgamlar türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň özara gatnaşyklaryň dürli usullaryndan netijeli peýdalanmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Karen Karapetýan döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi hökmünde medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklarda hemişe möhüm orun eýeländigini nygtap, iki ýurduň halklaryny köpasyrlyk hyzmatdaşlygyň baglanyşdyrýandygyny, olaryň taryhy ykbalynyň berk baglanyşyklydygyny bellediler. Ermenistanyň çäginde türkmen halkynyň taryhy ýadygärlikleriniň, orta asyr edebiýatynyň nusgalarynyň saklanyp galmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Öz nobatynda, biziň ýurdumyzda ermeni halkynyň baý we gadymy medeniýetine uly hormat-sarpa bilen garalýar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan biziň halklarymyzyň ysnyşykly gatnaşyklaryny saklamaga, iki döwletiň baý medeni mirasyny öwrenmäge, medeniýet hem-de sungat işgärleriniň döredijilikli hyzmatdaşlygy üçin şertleri döretmäge taýýardyr. Bu baradaky gürrüňiň dowamda taraplaryň ynsanperwer-medeni ulgamda netijeli gatnaşyklary giňeltmäge, şol sanda taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak işinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklary tassyklanyldy.
Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we myhman Türkmenistanyň hem-de Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň we netijeli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
***
Soňra Ermenistan Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalarynyň Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary bilen geçiren duşuşygynyň barşynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.