SLOWENIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINE BAŞLADY

2019-njy ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda öz diplomatik işine başlaýan Sloweniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) Branko Rakowets bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Sloweniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmen tarapy Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny bildirdi. Ilçi öz gezeginde türkmen tarapyna gyzgyn arzuwlary üçin öz minnetdarlygyny bildirdi.

Ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli ösüşini belläp, taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer pudaklaryndaky özara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-hem kämilleşdirilmegine degişli meseleleri barada pikir alyşdylar. Taraplar yzygiderli esasda geçirilýän duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine itergi berýän wajyp gurallaryň biridigini bellediler.