Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalar toplumynyň açylyşyna gatnaşdy

Hazaryň kenarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurlan iri sport toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bütindünýä saglyk gününe gabatlanylyp, täze sport desgalarynyň ulanmaga berilmegi Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýip yglan edilen şu ýylyň aýdyň wakalarynyň biri bolar. 

Bu durmuş ähmiýetli taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeler sportuny mundan beýläk-de ösdürmäge, olaryň hatarlaryna ýaşlaryň has köp sanlysyny çekmäge ýardam eder. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, sagdyn we ruhubelent ýaşlary terbiýelemek üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir. 

Şu gün “Awazanyň” düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap sport toplumy türkmen türgenleri üçin köpugurly okuw-türgenleşik merkezine türgenleriň hem-de ýygyndy toparlaryň sportuň dürli görnüşleri boýunça, şol sanda şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen görnüşleri boýunça taýýarlyk üçin ygtybarly binýada öwrüler. Mundan başga-da, bu ýerde iň ýokary derejeli halkara ýaryşlaryny geçirmek bolar. Munuň özi hem eziz Watanymyzyň sport dünýäsindäki abraýyny has-da belende galdyrmaga ýardam eder. 

... Uly dabaranyň başlanmagyna ähli zat taýýar edildi. Toý lybasyna beslenen täze desganyň öňünde ruhubelentlik we baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýat häkimleri we Aşgabat şäheriniň häkimi ýygnandylar. Dabara gatnaşýanlaryň hatarynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem “Aziada—2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara kongresine gatnaşmaga gelen daşary ýurtly myhmanlar, giň jemgyýetçiligiň, işewür toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri we elbetde, türgenler, köp sanly ýaşlar bar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy sport toplumynyň esasy girelgesiniň öňünde saklanýar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar. 

Sungat ussatlarynyň toparlary türkmen halkynyň özboluşly döredijilik däplerini hem-de täze taryhy eýýamda ýokary döredijilik ruhuny jemleýän aýdym-sazly we tansly kompozisiýa bilen çykyş edýär. 
 


Dabaraly pursat gelip ýetýär — milli Liderimiz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalar astynda toý bagyny kesýär we şeýlelikde, “Awaza” sport toplumy açylýar. 

Türkmenistanyň Senagat ministrligi bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, bu giň möçberli taslama ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Myradym” hususy kärhanasy tarapyndan durmuşa geçirildi. Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynyň işini höweslendirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirilýän strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça bu ugurda hususy işewürligiň ösmegi üçin has amatly şertleriň döredilmegini üpjün etmek boýunça netijeli çäreler görüldi. 

Ýurdumyzyň telekeçileri ägirt uly kuwwata eýe bolmak bilen, häzirki wagtda dürli pudaklarda, şol sanda senagat, oba hojalygy, syýahatçylyk, söwda, durmuş hyzmaty ulgamlarynda netijeli işleýärler we şunda ýokary işjeňlik görkezýärler. Hususy kompaniýalar ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli milli maksatnamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda olara uly gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek ynanyldy. Olar "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmäge üstünlikli gatnaşýarlar. Bu ýerde ozal açylan döwrebap şypahanalar hem-de şu gün ulanmaga berlen köpugurly sport toplumy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Sözüň doly manysynda, bu 28,5 gektar meýdanda ýerleşýän tutuş “sport şäherjigidir”. Sport merkeziniň düzümine halkara ülňülerine laýyk gelýän desgalaryň 7-si, şol sanda sportuň oýun, suw we gyşky görnüşleri, söweşjeň sungatlar bilen meşgullanmak üçin niýetlenen binalar girýär. Olary enjamlaşdyrmaga dünýäniň iň meşhur sport enjamlaryny öndürýän kompaniýalar gatnaşdylar. Mundan başga-da, iş otaglaryny birleşdirýän edara binasy, 150 orunlyk maslahatlar zaly, 200 orunlyk naharhana, tennis, woleýbol hem-de kiçi futbol oýnamak üçin niýetlenen açyk sport meýdançalary, şeýle hem inžener-tehniki düzümiň desgalary, 250 orunlyk awtoduralga guruldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumy gözden geçirmäge girişip, sportuň oýun görnüşleri üçin niýetlenen bina barýar. Bu ýere woleýbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy we ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Milli goşun toparlary ýygnandylar. Olar täze sport toplumynda ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmäge taýýar bolup durlar. 

Milli Liderimiz binanyň tehniki üpjünçiligi bilen içgin gyzyklanýar. Onuň merkezinde uly sport zaly ýerleşýär. Şol ýerde kiçi futbol, basketbol, uly we stoluň üstünde oýnalýan tennis (ping-pong), gandbol, woleýbol oýnap bolýar, gimnastika we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanyp bolýar. Bu ýerde münberler 2 müň 355 tomaşaça niýetlenendir. Türgenleşik üçin kiçi zal, türgenler we tälimçiler üçin eşik çalşylýan otag, hammam, garbanyşhana, iş otaglary we tehniki otaglar bar. Esasy sport enjamlary we abzallary “Shelde” (Niderlandlar) kompaniýasyndan getirildi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň başa-baş söweş sungaty binasyna barýar. Bu ýerde 2 müň 272 orunlyk münberli uly meýdança ýerleşýär. Şol ýerde birbada üç meýdançada ýaryşlary, şol sanda boks, taekwondo, dzýu-do, erkin we grek-rim göreşleri hem-de başa-baş söweşleriň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlary, şeýle hem agyr atletika boýunça bäsleşikleri geçirmek bolýar. Taslamada boksçylar üçin meýdançaly we göreş düşekçeli türgenleşik zallarynyň ikisi göz öňünde tutuldy. Binada, esasan, Germaniýanyň dünýä belli “Foeldeak” kompanýiasynyň enjamlary ornaşdyryldy. 
 


Şol pursat meýdançada sambo, jiu-jitsu we göreş ussatlarynyň tutlyşyklary ýaýbaňlandyryldy. Döwlet Baştutanymyz we daşary ýurtly myhmanlar olaryň çykyşyna gyzyklanma bilen syn etdiler. Mälim bolşy ýaly, türkmen türgenleri başa-baş söweş sungatlarynyň şu we beýleki görnüşlerinde öňdäki orunlaryň birini eýeleýärler. Olaryň dünýä çempionatlarynda hem-de dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri hem muňa şaýatlyk edýär. 

Türkmen milli göreşi asyrlaryň dowamynda halkymyzyň baýramçylyk dabaralarynyň bezegi bolup geldi. Şeýle ýaryşlar ähli döwürlerde uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Olara diňe bir golaýdaky şäherlerden we şäherçelerden däl, eýsem, alysdaky obalardan hem güýçli pälwanlar gatnaşypdyr. Häzirki döwürde göreş halkara derejesine çykdy. Ol Aziýanyň guşakly göreş boýunça federasiýasynyň düzümine, şeýle hem şu ýyl Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Şol ýaryşlarda biz türgenlerimizden ýokary netijelere garaşýarys. Türkmen türgenleriniň milli göreş we guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionatlarynda gazanan uly üstünlikleri oňa esas bolup hyzmat edýär. Bu giň möçberli ýaryşlaryň paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde geçirilendigini ýatlatmalydyrys. Olar synag ýaryşlary bolmak bilen, desgalaryň halkara sport çärelerini kabul etmäge taýýardygyny görkezdi. 

Mundan başga-da, başa-baş söweş sungaty merkezinde fitnes zallarynyň ikisi bar. Olarda Ýewropanyň “Gym 80”, “Tecnogym”, “Leika” hem-de ABŞ-nyň “Life Fitness” ýaly dünýä belli kompaniýalarynyň enjamlary ornaşdyryldy. Köpugurly trenažýor toplumlary peýdalanyjylaryň ähli toparlary — ussat türgenler we höwesjeňler, dürli ýaşdaky adamlar üçin netijeli türgenleşikleri üpjün edýär. 

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we dabara gatnaşýan beýleki adamlary Germaniýadan fitnes boýunça meşhur hünärmen Bert Rouşenbah mübärekledi. Ol köp ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk edýär, Awazanyň sport toplumlarynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna gatnaşdy. 

Geçirilen söhbetdeşligiň barşynda daşary ýurtly myhmanlar — Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň ýolbaşçysy şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah, Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynda LDPR fraksiýasynyň ýolbaşçysy Wladimir Žirinowskiý, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkin we beýlekiler türkmen sportunyň okgunly ösüşine we ýurdumyzda gurlan täze sport toplumlarynyň tehniki üpjünçiliginiň ýokary derejesine haýran galýandyklaryny beýan etdiler. Bularyň ählisi sport ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen uly işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, sport ählumumy parahatçylygy, döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň şerti bolup durýar. Bitarap Türkmenistan Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwer ýörelgelerine berk ygrarly bolmak bilen, sport ulgamynda sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýär, bu ugurda anyk ädimleri ädýär. Şu ulgamda amala aşyrylýan syýasat anyk netijeleri berýär — türkmen sporty hil taýdan täze derejä çykýar. 

Başa-baş söweş sungaty binasynyň eýwanynda hormatly Prezidentimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan sergi bilen tanyşdy. Onda Aziýanyň we Okeaniýanyň ýurtlarynyň — Gazagystanyň, Indoneziýanyň, Azerbaýjanyň, Ýaponiýanyň, Özbegistanyň we beýlekileriň Milli Olimpiýa komitetleriniň işi barada gürrüň berýän kitapçalar, kitaplar, plakatlar ýerleşdirildi. Monitorlarda bu ýurtlarda sport hereketiniň ösüşi barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi. 

Sergide V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet, Sport baradaky döwlet komiteti, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Dokma senagaty ministrligi öz bölümlerini hödürläp, Aziada — 2017-niň baş nyşanynyň — ahalteke bedewiniň keşbi şekillendirilen dürli önümleriň, şol sanda türgenler we meýletinçiler üçin lybaslaryň nusgalaryny, şeýle hem sözlükleri we gepleşik sözlüklerini, sowgatlyk önümleri we öňümizdäki sport forumynyň beýleki nyşanlaryny görkezdiler. Bu ýerde türkmen türgenleri tarapyndan sportuň dürli görnüşleri boýunça abraýly halkara ýaryşlarynda gazanylan köpsanly kuboklar we medallar goýuldy. 
 


Soňra hormatly Prezidentimiz aýratyn binada ýerleşen 200 orunlyk naharhana baryp gördi. Bu ýerde “Dünýä halklarynyň tagamlary” atly sergi ýaýbaňlandyryldy. 

Döwlet Baştutanymyza hem-de myhmanlara özleriniň tagamy hem-de täsin bezegi bilen tapawutlanýan dürli tagamlar hödürlenildi. Ussat aşpezler özleriniň käriniň hötdesinden abraý bilen gelýändiklerini hem-de etiň we balygyň dürli görnüşlerinden ýokary hilli tagamlary hem-de işdäaçarlary we süýji önümleri taýýarlamagy başarýandyklaryny görkezdiler. 

Milli tagamlar islendik ýurduň medeniýetiniň möhüm bölegi bolup durýar. Olarda milli däp-dessurlar jemlenendir. Gündogar halklary hemişe myhmansöýerligi bilen şan-şöhrata eýe bolupdyplar, myhmanlara iň gowy tagamlary hödür edipdirler, olara törden orun beripdirler. Halkymyzyň tagam taýýarlamak sungatynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelendigini bellemelidiris. Bereketli türkmen saçagy myhmanlary özüniň köp dürli nygmatlary bilen haýran galdyrdy. Dabara gatnaşyjylar dürli tagamlardan uly höwes bilen dadyp görüp, türkmen aşpezleriniň ussatlygyna ýokary baha berdiler. 

Umuman, dünýäniň dürli ýurtlarynyň aşhanalarynyň adaty tagamlarynyň we iýmit önümleriniň ýaýbaňlandyrylmagy ýurdumyzda Aziada — 2017-ä taýýarlyk meselelerine we medeni-ynsanperwerlik ulgamdaky netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ägirt uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Öňde boljak sport ýaryşlaryna Aziýa ýurtlarynyň türgenleri bilen birlikde Okeaniýanyň — Awstraliýanyň, Täze Zelandiýanyň, Polimeziýa we Mikroneziýa ýaly döwletleriň köp sanly adalarynyň wekilleri gatnaşarlar. Onuň giň möçberliligini nazara alanyňda, şunuň ýaly iri çäreleri guramakda öňdebaryjy tejribäni işjeň öwrenmek zerurlygy ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda, myhmansöýerligiň esasy şerti bolan hyzmat ulgamyna möhüm orun degişli bolup durýar. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň gyşky görnüşleri bolan hokkeý we figuralaýyn typmak üçin niýetlenen iki gatly bina tarap ugrady. Ýolugra milli Liderimizi günbatar sebitiň elleri baýdakly türgenleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri mübäreklediler. 

“Buzly köşgüň” umumy meýdany 14,4 müň inedördül metrden gowrak bolup, onuň beýikligi 20 metre golaýdyr. Binanyň birinji gatynda ini 30, uzynlygy 60 metr bolan umumy standarta laýyk gelýän buzly meýdança ýerleşýär. Onuň töwereginde 2 müň 944 tomaşaçy orunlyk münberler bar. Onda Finlýandiýanyň “Raita Sport” we “Kerko”, şeýle hem ABŞ-nyň “Zamboni” ýaly belli kompaniýalarynyň tehnikalary, enjamlary, sport serişdeleri oturdyldy. Şeýle enjamlar pökgüli hokkeý boýunça dünýä çempionaty, Gyşky olimpiada we Aziýa oýunlary geçirilýän desgalarda oturdylýar. Bu ýerdäki hokkeý meýdançasy, derwezeler, münberler, oturgyçlar, gorag örtügi bolan buz, şeýle hem buzly meýdançany taýýarlaýan hem-de oňa hyzmat edýän ýörite ulaglar halkara ülňülerine doly laýyk gelýär. 

Hormatly Prezidentimiz we dabara gatnaşýan beýleki myhmanlar binanyň ikinji gatyna galyp, münberlere geçdiler. 

Buzly meýdançada Sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň türgenleriniň ýerine ýetirmeginde köpöwüşginli şüweleň ýaýbaňlandyryldy. Ýaş türgenler örän çylşyrymly hereketleri, figuralaýyn typmagyň dürli görnüşlerini ynamly ýerine ýetirýärler we emeli buzuň üstünde dürli hereketleri ussatlyk bilen görkezýärler. Özboluşly lybasly, şadyýan hem-de bagtyýar ýaşlar buzuň üstünde ajaýyp tanslary ýerine ýetirip, beýik ýeňişlere tarap ynamly gadam urýarlar. 

Ýaş türgenleriň çykyşyna aýratyn gyzyklanma bilen syn edenleriň arasynda Olimpiýa oýunlarynyň üç gezek çempiony, dünýäniň on bir gezek çempiony hem-de Ýewropanyň on gezek çempiony Irina Rodnina bar. Mälim bolşy ýaly, meşhur türgen ýurdumyzda ýaş türgenler hem-de olaryň tälimçileri bilen yzygiderli ussatlyk sapaklaryny geçýär. Ösüp gelýän türgenler üçin bu ussatlyk sapaklary hemişe ýatdan çykmajak waka öwrülip, çagalarda uly täsir galdyrýar, olara täze bilimleri we endikleri ele almaga mümkinçilik berýär. 

Pursatdan peýdalanyp, Irina Rodnina hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmaga çakylygy üçin hoşallyk bildirdi. Myhman Türkmenistana ýene-de gelip görmäge hem-de ýurdumyzda soňky ýyllarda amala aşyrylan ägirt uly özgertmelere, şol sanda sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça geçirilen giň möçberli işlere haýran galýandygyny beýan etmäge döredilen mümkinçilige örän şatdygyny belledi. 

Siziň güneşli ülkäňizde iri Buzly köşkleriň gurulmagy hem-de sportuň gyşky görnüşlerini, şol sanda figuralaýyn typmak görnüşini wagyz etmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler buýsanç hem-de ägirt uly hormat duýgusyny döredýär. Munuň özi Siziň döwletiňiziň sporty ösdürmäge aýratyn garaýşyny aýdyňlyk bilen görkezýär diýip, görnükli Olimpiýa çempiony aýtdy. Ol gazanylan üstünliklerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy hyzmatlaryny aýratyn nygtady. Milli Liderimiz sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek bilen, özüniň göreldesi arkaly halkymyzy täze ýeňişlere ruhlandyrýar, sport hereketiniň ösdürilmegine ýardam edýär. 
 


Döwlet Baştutanymyz dünýä derejesinde figuralaýyn typmagyň rowaýatyna öwrülen meşhur tälimçini mähirli mübärekläp, şu günki çärelere gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin oňa minnetdarlyk bildirdi. 

Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz döwletimiziň sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmäge hem-de höweslendirmäge ugur alyp, şu geçen ýyllaryň dowamynda yzygiderli we giň möçberli işleri amala aşyrýandygyny belledi. 2011—2020-nji ýyllarda Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamak we ösdürmek baradaky milli maksatnama kabul edildi hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde dünýä derejesindäki türgenleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar, paýtagtymyzda hem-de sebitlerde döwrebap bedenterbiýe-sagaldyş toplumlaryny, köpugurly stadionlary, ýörite sport okuw mekdepleriniň binalaryny we beýleki möhüm sport desgalaryny gurmak boýunça giň möçberli taslamalar amala aşyrylýar. 

Sportuň gyşky görnüşleri üçin niýetlenen merkezden çykyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz 2097 tomaşaçy orunlyk sportuň suwdaky görnüşleriniň merkezine bardy. Umumy meýdany 16356 inedördül metr we beýikligi 23 metr bolan üç gatly binada birnäçe howuzlar, şol sanda sport we sinhron ýüzüş, suwda pökgi oýnamak üçin niýetlenen howuzlar bar. Halkara ýüzüş federasiýasynyň (FINA) düzgünlerine laýyklykda onuň uzynlygy 50, ini bolsa 25 metrdir. Olimpiýa howzunyň on ýüzüş ugry bolup, olar öz aralarynda ýörite bölüji tanaplar arkaly bölünendir. 

Mundan başga-da, türgenleşikler üçin howuzlar we beýikligi 10 metr, 7,5 metr, 5 we 3 metr bolan suwa bökmäge niýetlenen belentlikler bar. Şeýle hem, çagalar üçin howuzlar, suw owkalamasy bolan howuz, sport zaly, ýüzmek we suwa bökmek okuwlaryny geçmek üçin enjamlaşdyrylan türgenleşik zaly bar. 

Ähli howuzlar ýörite taýýarlyk ulgamy, ýyladyş we suwy çalyşýan enjam bilen üpjün edildi. Ýaryşlara badalga berýän belentlikler, basgançaklar, böküş tagtalary, suw pökgüsi üçin derwezeler, onuň wagtyny awtomatik usulda hasaplaýan ulgam, sportuň şu görnüşi üçin tablo, suwastynda surata düşürýän wideokamera bar.Olaryň hemmesi Olimpiýa oýunlary, dünýäniň we Ýewropanyň çempionatlary geçirilende ulanylýan Şwesiýanyň “Malmsten”, ABŞ-nyň “Colorado’ we “Omega” ýaly dünýä belli kompaniýalarynyň enjamlarydyr. 

Toplumyň döwrebap binagärligi, onuň daşky görnüşi, desgalaryň enjamlaşdyrylyşy, sport merkeziniň içki bezeg aýratynlyklary, türgenler, tälimçiler we janköýerler üçin döredilen ýörite düzümler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ähli binalarda oňaýly geýim çalşyrylýan, dynç alynýan, lukmançylyk we owkalama otaglary, sauna, türk hammamy, çaýhana, bilýard oýnalýan ýer, bouling, tennis, sport serişdelerini saklamaga niýetlenen otaglar bar. Merkez emin üçin hasaplaýyş ulgamy, maglumat tablosy, göni tele we radio gepleşikleri guramak üçin ýörite enjamlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, terjimeçileriň işi üçin niýetlenen serişdeler bilen üpjün edildi. VIP we CIP münberleri we mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin ýörite enjamlaşdyrylan münberler bar. 
 


Hormatly Prezidentimiz toplumy gözden geçirip, tiz ýüzmek, suw polosy, suwa bökmek boýunça geçirilýän ýaryşlara syn etdi. 

Milli Liderimiz bu ajaýyp desganyň açylmagy bilen türgenleri gutlap, ulanmaga berlen bu toplumyň ýurdumyzda sport hereketini mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz täze sport toplumyndan çykyp, onuň eýeleri — türgenlere we tälimçilere sportda hem-de durmuşda uly üstünlikler arzuw etdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady. 

...“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy ýylsaýyn öz çäklerini giňeldip, ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe bolýar we daşary ýurtlarda giň gyzyklanma döredýär hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, many-mazmuny boýunça täzeçil häsiýete eýe bolan bu ägirt uly taslamanyň geljeginiň uludygyny tassyklaýar. Amatly howa şertleri hem-de Hazar deňziniň kenarýakasynyň baý şypahana kuwwaty, iň döwrebap tehnologiýalardan we innowasiýalardan, öňdebaryjy binagärlik hem-de inžener-tehniki pikirden ugur alynmagy, öňde goýlan maksatlara ýetmek babatda oýlanyşykly çemeleşmeler ýurdumyzyň “deňiz merjeniniň” halkara syýahatçylygyň we şypahana-dynç alyş hem-de sportuň ykrar edilen merkezine öwrülmegi üçin ähli şertleri döredýär. 

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge, dünýäniň ähli ýurtlarynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň netijesi bolmak bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli amala aşyrylýan deňsiz-taýsyz özgertmeleriň aýdyň nyşany bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi