Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi açyldy

Paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. 

Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary, atçylyk pudagynyň işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Aşgabatda ştab-kwartirasy bolan we 2010-njy ýylda döredilen Halkara atçylyk assosiasiýasyn dürli ýurtlaryň arassa ganly ahhalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde, bu tohumdaky atlar bilen baglanyşykly işleri kämilleşdirmekde, onuň tohumlyk we sport ugurlaryny ösdürmekde ýöriteleşdirilen atçylyk kärhanalarynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk üçin netijeli binýat bolup durýar. Assosiasiýanyň agzalarynyň özara ylalaşykly işi türkmen halkynyň milli gymmatlygy, dünýä medeniýetiniň özboluşly mirasy bolup durýan ahalteke bedewlerini wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da giňeldilmegine mümkinçilik berdi. 

Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän maslahatlarda assosiasiýanyň işiniň ýyllyk netijeleri we onuň geljekki meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşylýar. Hünärmenleriň we “behişdi bedewlere” gadyr goýýanlaryň yzygiderli guraýan duşuşyklary hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň işlenip taýýarlanmagyny şertlendirýär we onuň üstüni täze mazmun bilen ýetirip, bilelikdäki taslamalar, möhüm başlangyçlar we işewür gatnaşyklar bilen üstüni ýetirýär.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi