Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtoulag benzinini we göni işlenen benzini hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtoulag benzinini we göni işlenen benzini satyn aldylar. Russiýa Federasiýasynyň işewür toparlarynyň wekilleri Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen polipropilene, ýokary dykyzlykdaky polietilene isleg bildirdiler. 

Bulardan başga-da, Serbiýadan, Pakistandan, Azerbaýjandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna reňksiz aýnany, nah ýüplügi, buýan köküniň erginini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 32 million 751 müň dollaryndan gowrak boldy. 

Manat serişdelerine Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň we Türkiýäniň telekeçileri jemi bahasy 5 million 208 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar. 

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 202 müň manatlykdan gowrak awtoulaglary satyn aldylar.