Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 64-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Singapurdan, Owganystandan, Maltadan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen göni arassalanan benzini we suwuklandyrylan gazy, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda çykarylan awtobenzini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, keramiki kerpiç, kosmetiki serişdeler we nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Özbegistan, Gyrgyzystan degişlidir. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 22 million 387 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Şotlandiýadan, Gonkongdan we Gazagystandan gelen işewürler jemi bahasy 7 million 786 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin ýokary dykyzlykdaky polietileni we awtoulagy satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 225 müň manatdan gowrak boldy.