TBILISIDE AZIADA-2017 BAGYŞLANAN “TEGELEK STOL” GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan Gruzýanyň tehniki unwersitetinde üstümizdäki ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 gün galmagyna bagyşlanan “tegelek stol” geçirildi.

Agzalan çärä, Gruziýanyň tehniki unwersitetiniň rektory A.Prangişwili we professor-mugallymlary, Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti R.Metreweli, Daşary ýurtlaryň Gruziýadaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, şeýle-hem Gruziýa iş sapary bilen gelen Hytaýyň Geologiýa unwersitetiniň Daşary ýurt dilleri institutynyň professor-mugallymlary gatnaşdylar.

V Aziýa oýunlaryna 100 gün galmagyna bagyşlanan “tegelek stolyň” dowamynda Gruziýanyň tehniki unwersitetiniň rektory A.Prangişwili, Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti R.Metreweli, Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Muratow, Hytaýyň Geologiýa unwersitetiniň Daşary ýurt dilleri institutynyň professory Wan Syhaý dagylar çykyş etdiler.

Çykyş edeneler, ýakynda 2017-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 gün galýar şeýle-hem bu iri sport çäreleri barada aýtmak bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda amala aşyrýan ägirt uly başlangyçlary barada giňişleýin aýdyldy. Şeýle hem Türkmenistan özüni iri sport çärelerini geçirýän döwlet hökmünde dünýä tanadýandygy barada bellenildi. Şol bir wagtda, V Aziýa oýunlary Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini, ylaýtada ýaşlaryň arasynda sporty wagyz etmekde alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny bellediler.

Şeýle-hem Aziýa oýunlaryna 100 gün galmagy mynasybetli guralan “tegelek stolyň” dowamynda oňa gatnaşyjylara bu oýunlar barada wideo şekil görkezildi.