Gruziýada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2020-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna bagyşlanan wideo aragtnaşyk arkaly tegelek stol geçirildi.       

Çarä «TV24» we «Obýektiw» teleýalymlarynyň, «Georgian Business Consulting Group» neşirýat toparynyň, «Mnogonasionalnaýa Gruziýa», «Swobodnaýa Gruziýa» we «Rezonans» ýaly gazetleriň we Gruziýanyň beýleki öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Tegelek stoluň barşynda, Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi gatnaşyjylara ýurduň Bitaraplyk syýasatynyň taryhy we onuň halkara we sebitleýin durnuklylygyny hem-de howpsuzlygyny pugtalandyrmakdaky orny, şeýle hem BMG we onuň edaralary bilen dünýäda parahatçylygy we ösüşi üpjün etmek ugrundaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýtdy.

Gatnaşyjylar Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ählumumy gymmatlyklara edýän saldamly goşandyny nygtap, Türkmenistanyň teklibi esasynda dörän birnäçe halkara başlangyçlaryny bellediler.

Çärä gatnaşanlara Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25- ýyllygy mynasybetli şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyna taýýarlyklar barada maglumat hem berildi.

Tegelek stoluň ahyrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna bagyşlanan wideo ýazgy görkezildi.