TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BOSGUNLARYŇ SPORT TOPARLARY BARADAKY BMG-NIŇ JARNAMASY BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň 36-njy mejlisinde Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy boýunça Türkmenistanyň “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky” Jarnamanyň kabul edilmegi bilen bagly maslahat geçirildi. Onuň işine türkmen diplomatlary, syýasatşynaslar, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy derejesinde aýratyn uly ähmiýetli Jarnamany kabul etmek baradaky başlangyjy öňe sürendigi ýurdumyzyň häzirki döwrüň ählumumy ynsanperwer meseleleriniň çözülmeginde barha uly orny eýeleýändigini dünýä bileleşigine ýene bir gezek aýdyň görkezdi.Çykyş edenler ýurdumyzyň abraýly halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmek babatynda, bu ugurda türkmen tarapynyň bu ynsanperwer başlangyjyny ösdürmek üçin degişli teklipleriň taýýarlanylmagyny nygtadylar.

Maslahata gatnaşyjylary bu Jarnamanyň esasy ýörelgeleri bilen tanyşdyrmak bilen, çykyş edenler bosgunlaryň toparlarynyň iri sport ýaryşlaryna gatnaşmagynyň möhümdigini bellediler, şunuň bilen dünýä bileleşiginiň ünsüni bosgunlaryň häzirki çökgün ýagdaýynyň göwrümine çekmek we bu meseläni çözmegiň zerurlygy baradaky maglumaty ýetirmekdir. Şu çarçuwada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň  bosgunlaryň toparynyň 5 Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga çagyrmak hakyndaky başlangyjynyň ägirt uly ähmiýeti bellenildi. Bu ädime sütem etmegiň hemme formalary bilen göreş serişdesi we parahatçylygy, durnukly ösüşi we adam hukuklaryny ösdürmekde ýardam hökmünde garalýar.

Bu barada dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça BMG-niň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň ynsanperwer resminamasy köpsanly daşary ýurtlaryň hökümet we adam hukuklary ulgamynda halkara bilermenleri tarapyndan giň goldaw tapdy.

Hemme çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň 36-njy mejlisinde “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky” Jarnamanyň kabul edilmegi Watanymyzyň belent halkara abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.