TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WE BAHREÝNIŇ PATYŞASY HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEKKI ÖSÜŞ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.   

Birek-birege mähirli sözleri aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti we Bahreýniň Patyşasy dostlukly döwletara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary hem-de halkara syýasatyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmak mümkinçilige hoşallyk bildirdiler.  

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Bahreýniň Patyşasy birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen gutladylar hem-de berk jan saglyk we üstünlik, iki dostlukly ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk şeýle-de gülläp ösüş arzuw etdiler. 

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň baştutanlary deňhukuklyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklaryň geljekki ösüşine ygrarlydygyny tassyklap, ozal gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde onuň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Şeýle-de wajyp sebit we halkara meseleleri, hususan-da dünýä jemgyýetçiliginiň COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşi barada pikir alşyldy. 

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa dostlukly döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem üstünlikli ösjekdigine ynam bildirdiler.