TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDATELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2020-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Birek-biregi Gurban baýramy bilen gutlap, iki dostlukly goňşy döwletleriň Baştutanlary türkmen we eýran halklaryna bagt we abadançylyk arzuw etdiler.

Bellenilişi ýaly, dünýäniň döwletleri, ilkinji nobatda bolsa, ýakyn goňşulary bilen dostlukly we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegi Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen we eýran halklarynyň hoşniýetli gatnaşyklarynyň köpasyrlyk umumy taryhy hem-de medeni köklerden gaýdýandygyny belläp, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky syýasy, ykdysady, we ynsanperwer gatnaşyklaryň deňhukuklyk, birek-birege hormat goýmak esasynda işjeň ösdürilýändigini aýtdy. Iki ýurduň abraýly halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-niň we onuň düzüm birlikleriniň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň özüniň ýokary derejesi bilen hem tapawutlanýandygy bellenildi.

Ählumumy gün tertibiniň möhüm meselesine öwrülen täze görnüşli koronawirus ýokanjy, onuň ýaýramagynyň halkara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryna edýän täsiri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz ählumumy häsiýete eýe bolan COVID – 19 ýokanjyna garşy göreşde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar we bu wehime garşy netijeli göreş alyp barmak üçin ylalaşykly tagallalaryň taýýarlanylmagyny zerur hasaplaýar. Türkmenistanyň Prezidenti ähli ýurtlaryň tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň oňyn netijelere getirjekdigini aýtdy.