Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä Guramasynyň ýolbaşçysy «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň işi bilen tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Fransiýadaky lçisi Şöhrat Jumaýew Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä Guramasynyň Baş direktory hanym Monik Elua we onuň geňeşçisi, doktor Romano Marabelli bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar haýwanlaryň arasynda ýokanç keselleriň köpçülikleýin ýaýramagynyň öňüni almak ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşligiň barşynda Ilçi Ş. Jumaýew hanym Elua golaýda Türkmenistanda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýsynyň döredilendigini habar berdi we birleşigiň gurluşy hem-de onuň işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy, guramanyň işi türkmen alabaý itleriniň seçgisini ösdürmäge, bu özboluşly tohum itlerini saklap galmaga we köpeltmäge, ony dünýä ýaýmaklyga gönükdirilendir.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda alabaý itleriniň gymmatly sypatlaryny ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar, kinologik işiň we itşynaslygyň döwrebap ulgamy kemala getirilýär.

Hanym Elua Türkmenistanyň haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça tagallalaryna ýokary baha berip, öz ýolbaşçylyk edýän guramasynyň bu ugurda giň gerimli gatnaşyklara taýýardygyna ynandyrdy. Şeýle hem Monik Elua Türkmenistana baryp görmäge we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýsynyň işi bilen ýakyndan tanyşmaga islegini beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi Ş. Jumaýew hanym Elua Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryny, şeýle hem türkmen alabaý itleri we ahal-teke bedewleri barada beýleki neşirleri ýadygärlik sowgady hökmünde gowşurdy.