Press-reliz Aral deňizini halas ediş gaznasynyň Ýerinre ýetiriji komitetiniň şahamçalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklygynda Durnukly ösüşiň we Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini dolandyrmaklyk meselelerine çekilen Merkezi Aziýanyň sebitleýinguramalarynyň a

Aral deňizini halas ediş gaznasynyň Ýerinre ýetiriji komitetinde Türkmenistanyň başlyklyk etmekliginiň çäginde, 2013-nji ýylyň 13-14 noýabrynda Aşgabat şäherinde Aral deňizini halas ediş gaznasynyň Ýerinre ýetiriji komitetiniň şahamçalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklygynda Durnukly ösüşiň we Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini dolandyrmaklyk meselelerine çekilen Merkezi Aziýanyň sebit guramalarynyň altynjy duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermekliginde Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezini we  Aral deňizini halas ediş gazanasynyň Ýerinre ýetiriji komiteti tarapyndan gurnaldy.

Bu duşuşyga 10 sebitleýin hem-de 9 halkara guramalaryndan 50-den guwurak adamlar ýygnanyşdy, olatyň arasynda Aral deňizini halas ediş gazanasynyň Ýerinre ýetiriji komitetiniň we onuň düzümindäki bölümleriň, DÖHK-iň YHM-iň,  DÖDK-iň sekretariýatynyň, Aral deňizini halas ediş gaznasynyň YHM-iň, DSUKiň sekretariýatynyň, “Amyderýa” AHSHB-iň we onuň şahamçalarynyň, “Syrderýa” AHSHB-iň Merkezi Aziýanyň daglyk merkeziniň,  Merkezi Aziýanyň gidrologik merkeziniň, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň wekilleri.

Bu duşuşygyň maksady sebitleýin maksatnamalary hem-de prossesleri öne sürmekde  bilelikde hereket etmekligi utgaşdyrmak we hyzmatdaşlyk etmek üçindurnukly ösüşiň we Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini dolandyrmaklyk meselelerine çekilen guramalarynyň tagallalaryny, mümkinçiliklerini we meýilnamalaryny  birikdirmek, şeýle hem sebit guramalaryň her birisiniň ADHM-4, DGGHSMýerine ýetirmekde we daşky gurşaw Merkezi Aziýa üçin meýilnamany öňe sürmekde mümkinçiliklerini ara alyp maslatlaşmak.

Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň yerine ýetiriji direktory I. Abdullaýew bu ugurda işleri geçirmek  we sebitleýin guramalaryňmeýdançasynyň bilelikdäki hereketleri boýunça öz garaýşy barada çykyş etdi. Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi tarapyndan döredilen we öňe sürülýän bilelikdäki hereketleri boýunça meýdança gyzgylaňly hem-de gyzykly özara pikir alyşmakaryň we çekleşikleriň ýerine öwrüldi. 

Altynjy duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň Aral deňizini halas ediş gaznasynyň Ýerinre ýetiriji komitetinde  başlyklyk etmekliginiň konsepsiýasyny durmuşa geçirilişine baha bermeklik boýunça ýörite sessiýa geçirildi. Onda Aral deňizini halas ediş gaznasynyň Ýerinre ýetiriji komitetiniň daşlygy G. Baýjanow çykyş etdi. Ol 2017-nji ýylyň  iýulyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada, şeýle hem Aral deňizini halas ediş gaznasynyň nobatdaky ýygnagyna taýarlagyňalaynyp barylyşy hakynda aýdyp berdi.

DÖDK-iň sekretariýatynyň ýolbaşçysy B.Mämmedow Merkezi Aziýada daşky gurşawy goramak boýunça hereketleriň sebitleýin maksatnamasyny öňe sürmek boýunça işler barada aýdyp berdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekili M. Akmyradow öz çykyşynda Aşgabatda 2018-nji ýylda Aral deňizini halas ediş gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň ýolbaşçlarynyň sammitine taýarlagyň alaynyp barylyşy hakynda aýdyp berdi we Merkezi Aziýanyň Suw strategiýasynyň taslamasy hem-de MBG-yň Ýörite maksatnamasyny diňleýjileriň dykkatyna ýetirdi.

Ýurtlaryň hem-de sebitleýin guramalaryň wekillri olaryň dykkatyna ýetirlen meýilnamalar hakynda pikir alyşmalaryň dowamynda öz garaýyşlaryny aýtdylar, sebitde hyzmatdaşlygyň meseleleri babatda, onuň ösdürilmeginiň we bilelikdäki   maksatnamalary hem-de meýilnamalary durmuşda ornaşdyrmagyň mamkinçilikleri   babatda maslahatlaşdylar. Halkara guramalaryň wekilleri öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Aral deňizini halas ediş gaznasynyň Ýerinre ýetiriji komitetinde başlyklyk etmekliginiň konsepsiýasyny durmuşda ornaşdyrmaga ýardam berjek meýilnamalar belläp geçdiler.

Duşuşyk gyzgylaňly özara pikir alyşmalar we çekeleşikli ýýagdaýda geçdi.