TÜRKMENISTANYŇ WE GRUZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKITARAPLAÝYN ÖZARA GATNAŞYKLARYŇ MESELELERINI MASLAHATLAŞDYLAR

2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň  (RECCA VII) çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Gruziýanyň Hökümetiniň Wise-premýeri,  Daşary işler ministri Miheil Janelidze bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda halkara derejesindäki işjeň hyzmatdaşlyk barada aýdyp, taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny kesgitlediler. Şoňa görä-de, ýangyç-energetika, şeýle hem ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda ikitaraplaýyn özara gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Taraplar Merkezi Aziýada we Owganystanda howpsuzlygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde gyzyklanmalary barada aýdyp, bu ugurdaky Türkmenistanyň tejribesini bellediler. Taraplar  Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň  (RECCA VII) çäklerinde gol çekilen tranzit we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygyň ornuny aýratyn bellediler. 

Ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň giň ugurlarda ösdürmäge gönükdirilendigini belläp, taraplar iki döwletiň daşary işler ministrlikleriniň  arasyndaky hereket edýän hyzmatdaşlygyň mehanizmlerini işjeňleşdirmegi ylalaşdylar.