SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN «G7» WE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Merkezi Aziýanyň we «Uly ýediligiň» («G7») ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna onlaýn görnüşde gatnaşdy. Duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, şeýle hem Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Kanadanyň, ABŞ-nyň we Fransiýanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Çäre Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoko Kamikawanyň ýolbaşçylygynda geçdi....
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ GRUZIÝANYŇ DIM-NIŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedowyň Gruziýanyň daşary işler ministri I.Darçiaşwili bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda diplomatlar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň we geljegi uly bolan giň gerimli ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllaryň dowamynda döwletara hyzmatdaşlyk birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we aç-aça...
“NIPPON” GAZNASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistana sapar bilen gelen “Nippon” gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Ýuji Mori bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar babatynda netijeli hyzmatdaşlygy bellediler. Dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklar barada nygtaldy. Şol bir wagtyň özünde, türkmen tarapy köp ýyll...
ÝAPONIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Sasaki Hirosi bilen duşuşdy we onuň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministr Ilçini jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen-ýapon gatnaşyklaryny has-da berkitmek üçin diplomatik işini ýerine ýetirmekde türkmen tarapynyň doly goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny nygtady. Duşuşykda diplomatlar wajyp ikitaraplaýyn gün tertibini ara alyp masl...
TÜRKMEN-EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ HÄZIRKI MÖHÜM MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi Ministr ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň diplomatik işini ýerine ýetirmekde doly goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, halkara we sebit guramalarynyň çä...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI KÖPUGURLY DÖWÜRLEÝIN SYN BOÝUNÇA IŞ TOPARYNYŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 6-17-nji noýabry aralygynda Ženewada Köpugurly döwürleýin syn boýunça iş toparynyň 44-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilýän Türkmenistanyň 4-nji synyna gatnaşdy. Agzalan çäräniň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti adam hukuklary ugrunda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça ýurdumyzyň syýasatynyň esasy ugurlary barada hasabat bilen çykyş etdi...
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Ş.Papuaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Munuň özi toplumlaýyn türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Şeýle hem taraplar geljegi uly bolan söwda-ykdysad...