SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ UMRA HAJYNY BERJAÝ ETMEK ÜÇIN SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNA IKI GÜNLÜK SAPARY BAŞLANDY
2022-nji ýylyň 1-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük sapary başlandy. Uçuşyň dowamynda Arkadagly Serdarymyz bilen bilelikde keramatly ýerlere zyýarata ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan ýaşulular we ak gyňaçly eneler yslam dünýäsinde mukaddes çäreleriň biri hasaplanýan umra hajyny berjaý etmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. D...
Tbiliside Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipedli ýöriş geçirildi.
2022-nji ýylyň 1-nji iýunynda Tbilisi şäherinde Gruziýanyň Milli welosport federasiýasynyň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipedli ýöriş geçirdi. Bu ýörişe Gruziýanyň Milli welosport federasiýasynyň wekilleri, türgenler we tälimçiler gatnaşdylar. Ýörişiň başynda dünýäniň ähli ýurtlarynda giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped güni Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilendigi...
ALMATYDA MERKEZI AZIÝANYŇ WE ÝB-NIŇ ÝÖRITE WEKILLERINIŇ OWGANYSTAN BOÝUNÇA NOBATDAKY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 31-nji maýynda Almaty şäherinde Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleriniň Owganystan boýunça nobatdaky duşuşygy geçirildi. Çäräniň barşynda owgan meselesiniň parahatçylykly ýol bilen çözülmegi, sebitiň integrasion ösüşine Owganystanyň işjeň gatnaşdyrylmagy, ýurduň ykdysady taýdan dikeldilmegi we onuň çäklerinde dürli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça halkara we sebit tagallalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Öz çykyşynda Türkmenistany...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI BMG-NIŇ SENAGAT ÖSÜŞI BOÝUNÇA GURAMASYNYŇ TÄZE BELLENEN BAŞ DIREKTORY BILEN DUŞUŞDY
2022-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky Edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili BMG-niň Senagat ösüşi boýunça Guramasynyň (UNIDO) täze bellenen Baş direktory Gerd Müller bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda bu Gurama bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki meselelere, hususan-da häzirki wagtda durmuşa geçirilýän we ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan täze taslamalara, wodorod energiýasy ugrunda bilelikdäki çärelere üns berildi. Gerd M...
TÜRKMENISTANYŇ RESMI WEKILLERI ÝHHG-NIŇ YKDYSADY WE DAŞKY GURŞAW FORUMYNYŇ MEJLISINDE ÝURDUMYZYŇ ILERI TUTÝAN UGURLARY BOÝUNÇA ÇYKYŞ ETDI
2022-nji ýylyň 23-24-nji maýynda Polşanyň Lodz şäherinde geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Ykdysady we daşky gurşaw forumynyň 2-nji taýýarlyk mejlisine Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Türkmenbaşy halkara deňiz portynyň wekili Türkmenistan üçin ÝHHG bilen ykdysady we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan ugurlar hökmünde ulag arkaly aragatnaşygy ösdürmek we söwdany ýeňilleşdirmek, şeýle hem energiýa howpsuzlygyň wajyplygy bellenildi....
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY YHG-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
2022-nji ýylyň 24-nji maýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde netijeliligi ýokarlandyrmak we tanymallygy artdyrmak boýunça geçirilen mejlise gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Guramanyň häzirki gün tertibine degişli meseleleriň giň toplumy boýunça, şeýle hem 2021-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen YHG-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet ýolbaşçylaryn...
TÜRKMENISTAN WE EÝRAN YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ GIŇELDILMEGINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2022-nji ýylyň 23-nji maýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde netijeliligi ýokarlandyrmak we tanymallygy artdyrmak boýunça geçirilen mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safari bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygyň, öňi bilen energetika, ulag we üstaşyr ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini ara alyp maslajatlaşdylar...