SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN-RUS IŞEWÜRLIK MASLAHATY
2023-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Türkmen-rus işewürlik maslahaty geçirildi. Işewürlik duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar türkmen paýtagtyna geldi. Wekiliýetiň düzüminde RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary, şeýle hem Hökümet düzümleriniň ýolbaşçylary we esasy h...
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY BAŞLANDY
Şu ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistana resmi sapar bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar geldi. Şol günüň özünde Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin resmi saparynyň çäklerinde A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebine baryp gördi. Myhman mekdebiň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň öňünde eden çykyşynyň barşynda soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklary...
TÜRKMENISTANYŇ GRUZIÝADAKY ILÇIHANASY TÄZE ARKADAG ŞÄHERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRDI
2023-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Gruziýanyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin Ahal welaýatynyň häzirki zaman dolandyryş merkezi täze Arkadag şäherine bagyşlanan brifing geçirdi. Brifinge Gruziýanyň Birinji Kanaly, TW-24, “The Georgian Business Week” teleýaýlymlarynyň, “News Day Georgia”, “InterPressNews” habarlar agentlikleriniň, “Geoecohub” onlaýn neşiriniň, “Rezonans” , “Mnogonasionalnaýa Gruziýa”, “Swobodnaýa Gruziýa”, “Komsomolskaýa Prawda” ga...
A TELEPHONE CONVERSATION WAS HELD BETWEEN THE PRESIDENTS OF TURKMENISTAN AND THE RUSSIAN FEDERATION
On January 17, 2023, a telephone conversation took place between President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov and President of the Russian Federation Vladimir Putin. The heads of state reaffirmed the commitment of the two countries to traditional relations of friendship, good neighborliness and mutually beneficial cooperation that meets common interests. In this context, it was noted with satisfaction that the strategic multifaceted partnership between Turkmenistan and the Russian Feder...
TÜRKMEN-KATAR HYZMATDAŞLYGYNYŇ MÜMKINÇIKLIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Katar döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbi bilen duşuşdy. Diplomatlar ýokary derejeli saparlaryň ähmiýetini we iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň möhümdigini bellediler. Şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çäginde iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyga, hukuk...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ARHIÝEPISKOP FEOFILAKT BILEN DUŞUŞYK BARADA
2023-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky Patriarhal dekanlarynyň ybadathanalarynyň dolandyryjysy Arhiýepiskop Feofilakt bilen duşuşdy. Duşuşykda ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi barada pikir alşyldy. Bu nukdaýnazardan Arhiýepiskop Feofilakt, Türkmenistandaky rus prawoslaw ybadathanalarynyň işi üçin döredilen amatly şertler üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
AŞGABATDA TÜRKMEN-FRANSUZ SYÝASY MASLAHATLARY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 16-17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Fransiýa Respublikasynyň Ýewropa we Daşary işler ministrliginiň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew, Fransiýa tarapyna Fransiýanyň DIM-niň Kontinental Ýewropa bölüminiň müdiriniň orunbasary Silwen Gýoge ýolbaşçylyk etdi. Geçirilen duşuşyklaryň çäginde syýasy,...