RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Iýun

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Palestina Döwletiniň Ilçisi bilen duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hossein Ali Mostafa Gannam bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-palestina gatnaşyklarynyň meselelerine deglip geçildi. Diplomatlar döwletleriň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalarynyň çäkleri...

DOWAMY
pic
3 Iýun

Türkmenistanyň DIM-de HHR-iň Kompartiýasynyň MK-niň Wagyz işleri boýunça bölüminiň başlygynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Wagyz işleri boýunça bölüminiň başlygynyň orunbasary Hu Hepiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ählitaraplaýyn strategiki häsiýete eýe bolan we netijeli ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garadylar. Şunda, iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde iň ýokar...

DOWAMY
pic
3 Iýun

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýörişi gurnady

2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped gününe, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlap welosipedli ýörişi gurnady. Welosipedli ýörişe Gruziýanyň Milli welosport federasiýasynyň wekilleri, Gruziýanyň türgenleri we tälimçileri gatnaşdylar. Ýörişiň ugry Tbilisi şäheriniň köçelerinden, şeýle hem Gruziýanyň gadymy paýtagty Mtsheta şäheriniň merkezinden ybarat boldy....

DOWAMY
pic
3 Iýun

Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşdy. Mongoliýanyň parlamentiniň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň giňden ösdürilmegine gönükdirilen döredijilikli, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistanyň döwlet Baştutany bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şunuň bilen baglyl...

DOWAMY
pic
3 Iýun

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi

2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda Ulan-Batorda Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi. Çäkli düzümde geçirilen gepleşikleriň başynda dostlukly ýurduň Baştutany belent mertebeli myhmany mongol topragynda mähirli mübärekläp, Mongoliýa döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Prezident Serdar Berdimu...

DOWAMY
pic
3 Iýun

Türkmenistanyň wekiliýeti YHG-nyň ulag ministrleriniň 13-nji mejlisine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda Tähran şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) ulag ministrleriniň 13-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlise Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadeg, Özbegistan Respublikasynyň ulag ministri Mahkamow Ilhom Rustamowiç, Pakistan Yslam Respublikasynyň aragatnaşyk ministri Abdul Alim Han, Halkara awtomobil ulaglary bir...

DOWAMY
pic
2 Iýun

Tbiliside Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp futbol ýaryşy geçirildi

2025-nji ýylyň 27-nji maýyndan 2-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň gurnamagynda birnäçe futbol toparlarynyň, şeýle hem Gruziýanyň sport uniwersitetiniň “Sportuni” we Wake sport merkeziniň “Kartli” futbol toparlarynyň gatnaşmaklarynda futbol ýaryşy geçirildi. 1991-nji ýylda esaslandyrylan “Kartli” futbol topary birnäçe meşhur gruzin türgenlerini ösdürip ýetişdirdi. Ýaryşyň başlamagynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow sport bäsleşiginiň...

DOWAMY