RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Mar

NOWRUZ BAÝRAMYNYŇ GYMMATLYKLARY HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNYŇ ÝÖRELGELERI BILEN SAZLAŞÝAR

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary halkara ähmiýetli Nowruz baýramyň şanyna ýörite çäreleri guradylar. 2010-njy ýylyň fewral aýynda BMG-niň Baş Assembleýasy 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýip yglan edipdi. Şeýle-de bu baýramçylygyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna girizilmegi aýratyn bellärliklidir. Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy Nowruz baýramy mynasybetli Türk medeniýetiniň we mirasynyň Halkara Gaznasynyň...

DOWAMY
pic
20 Mar

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gonkongdan, Maltadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, uçar kerosinini, nebit bitumyny, şeýle hem Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Maltadan, Gonkongdan gelen täjirler polietileni hem-de gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan...

DOWAMY
pic
20 Mar

TÜRKMENISTAN GARAŞSYZLYGYŇ 30 ÝYLLYGYNY HORMATLAÝAR WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNA YMTYLÝAR

2021-nji ýylyň 20-nji martynda Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ählihalk bag ekmek dabarasy giň gerimde geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti, Mejlisiň ýolbaşçylary we wekilleri, Hökümet agzalary, ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Türkmenistanyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň degişli Re...

DOWAMY
pic
19 Mar

Türkmen we gruzin hünärmenleriniň buýan köküniň dermanlyk aýratynlyklaryny öwrenmek boýunça onlaýn duşuşygy

2021-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde türkmen we gruzin hünärmenleri buýan köküniň dermanlyk aýratynlyklaryny öwrenmek boýunça onlaýn duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga Türkmen tarapyndan, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň, Oguz han adyndaky Inžiner-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri, Gruzin tarapyndan Gruziýanyň Daşky gurşawy goramak we oba hojalyk ministrliginiň Oba hojalyk...

DOWAMY
pic
18 Mar

ÝAPONIÝANYŇ «KAWASAKI HEAVY INDUSTRIES, LTD.» KOMPANIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK

2021-nji ýylyň 18-nji martynda Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň prezidenti T.Watanabe bilen Türkmenistanyň Döwlet ministri – «Türkmengaz» döwlet konserniň başlygy B.Amanowyň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we gelejegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiki taýdan arassa sintetiki...

DOWAMY
pic
18 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY

2021-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Ministrler syýasy-diplomatik, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu ýylda ýokary derejeli saparlary guramaga aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasy edaralary...

DOWAMY
pic
18 Mar

OWGANYSTANYŇ MARY ŞÄHERINDÄKI TÄZE BAŞ KONSULYNA EKZEKWATURA GOWŞURYLDY

2021-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň ýurdumyzyň Mary şäherindäki täze Baş konsuly Nuriddin Rahmani bilen duşuşygy geçirildi.  Duşuşygyň başynda Owganystanyň Baş konsuly özüniň konsullyk patentini gowşurdy we Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy tarapyndan oňa konsullyk ekzekwaturasy berildi. Taraplar dostlukly türkmen-owgan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna hem-de ösüş mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Ik...

DOWAMY