RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Maý

Türkmenistanda Litwa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Litwa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kestutis Waşkelýawiçýusdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de döwletara gatnaşyklary berkitmek ugrunda alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Dostlukly...

DOWAMY
pic
16 Maý

KHBS üçin habar

Şu gün, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdmuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary başlaýar, ol ýerde Gahryman Arkadagymyz "Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum" atly her ýyl geçirilýän XVI Halkara Ykdysady Forumyň  işine gatnaşar. Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagyna ýurdumyz Russiýa Federasiýasy we Yslam dünýäsi bilen köpugurly gatnaşyklary saklamak,  syýasy, ykdysady, söwda, medeniýet we gumanitar ugurlar boý...

DOWAMY
pic
15 Maý

Litwa Respublikasynyň Ilçisi Türkmenistanyň DIM-de ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Litwa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Kýastutis Waşkelýawiçýus bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. A.Gurbanow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taý...

DOWAMY
pic
15 Maý

Türkmenistanyň Ilçisi Gruziýanyň Medeniýet ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Medeniýet ministriniň orunbasary G.Mirshulawanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň birnäçe ugurlar boýunça yzygiderli depginde ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle-de taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryna seredip geçdiler. Şu jähtden iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitjek özara Medeniýet günleriniň orny aýratyn nygtaldy....

DOWAMY
pic
15 Maý

Türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 14-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýeg bilen duşuşdy. Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, BAE-d...

DOWAMY
pic
15 Maý

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Petronas” kompaniýasynyň wekillerini kabul etdi

2025-nji ýylyň 14-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasynyň wekilleri – kompaniýanyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufik, Ýerine ýetiriji wise-prezidenti Mohd Jukris Abdul Wahab, halkara aktiwler boýunça wise-prezidenti Mohd Redhani Abdul Rahman bilen duşuşdy. Myhmanlar wagt tapyp duşuşandygy üçin Milli Liderimize hoşallyk bildirip, Malaýziýa bilen Türkm...

DOWAMY
pic
15 Maý

Türkmenistan nebitgaz pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýär

2025-nji ýylyň 14-nji maýynda Aşgabatda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň, nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň bu ugra degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri bilen halkara derejeli duşuşyk boldy. Duşuşyga türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdy...

DOWAMY