Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygynyň bellenilmeginiň çäginde, 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Suhumi döwlet uniwersitetiniň Magtymguly Pyragy adyndaky auditoriýasynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan türkmen-gruzin gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm meselelerine bagyşlanan tegelek stol geçirildi.
Bu çärä Türkmenistandan gelen alymlar, bu uniwersitetiň talyplary hem-de professor-mugallymlary gatnaşdylar.
Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory hanym T.Jugeli gatnaşyjylary gyzgyn mübärekläp, türkmen-gruzin gatnaşyklary netijeli we özara bähbitli ösmegini dowam etdirýändigi barada aýtdy. Ylym, bilim hem-de medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Uniwersitetleriň we ugurdaş düzüm birlikleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegi, pudagara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ýardam berýändigi bellenilip geçildi. Bu çäre hem, işjeň we netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýändigi nygtaldy.
Şunlukda, çykyş edenler Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllaryň içinde syýasy, ykdysady, medeni we sosial ugurlarynda uly üstünliklere ýetendigi bellenildi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeler, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow öz çykyşynda, şu ýyl Türkmenistan Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyny belleýändigini aýtdy. Ol Garaşsyzlyk ýyllar içinde türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösüşiň ýokary derejesine ýetendigini we durnukly oňyn netijeleri görkezýändigini belledi. Bu hyzmatdaşlyk syýasy, ykdysady we ylym-bilim ugurlarynyň giň gerimini öz içine alýar hem-de hyzmatdaşlygyň berkemegine ýardam berýändigi nygtady. Ol bu ugurlarda özara gepleşikleriň ösmegine goşmaça itergi bermekde we birek-birege bolan ynamy berkitmekde ýokary derejeli saparlaryň aýratyn orna eýe bolýandygy barada belläp geçdi.
Tegelek stola gatnaşyjylar, Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda üstaşyr geçelgeleri döretmek üçin uly mümkinçilikleri açýan Türkmenistanyň we Gruziýanyň strategik taýdan amatly geografiki ýerleşişine aýratyn üns berdiler.
Şeýle hem çäräniň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalary çykyş edip, türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyň taryhy, edebiýaty we medeni ugurlary, şeýle-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netijeler bilen tanyşdyrdylar.